Şu gün, 29-njy martda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň çäginde iki duşuşyk geçirildi. Öz meýdanynda “Aşgabat” bilen duşuşan “Şagadam” topary çempionatdaky 2-nji ýeňşini gazanyp (1:0), ýaryş tertibinde eýeleýän dördünji ornunda galdy. 7 utugy bolan “Aşgabat” topary ikinji orny eýelemegini dowam edýär.
Oýun gününiň beýleki duşuşygynda “Merw” paýtagtymyzyň “Köpetdag” toparyny kabul etdi. Bu duşuşyk 2:1 hasabynda “Merwiň” peýdasyna tamamlandy. Geçiren duşuşyklaryndan soň “Merw” bäşinji, “Köpetdag” bolsa ýedinji orunlary eýeleýärler.
Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynyň jemleýji gününde, 30-njy marta “Arkadag” – “Ahal” hem-de “Altyn Asyr” – “Nebitçi” toparlary duşuşarlar.
4-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Şagadam” – “Aşgabat” – 1:0
Gol: 90+2 (11 m.j.u.) Emir Berdiýew (“Şagadam”)
Duýduryşlar: 69 Hemra Klyçew, 82 Hydyr Ýakubow (“Şagadam”) – 26 Begmyrat Pirkuliýew, 79 Atageldi Geldiýew, 89 Azat Rahmanow, 90+1 Oraz Orazow, 90+3 Möwlamberdi Goşşanow (“Aşgabat”)
Meýdandan çykarylanlar: 90+4 Myrat Dadaýew, 90+4 Hydyr Ýakubow (“Şagadam”) – 80 Begmyrat Pirkuliýew, 2-nji duýduryş (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: R.Ereşow (Türkmenabat ş.), M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: R.Japarow (Aşgabat ş.)
“Merw” – “Köpetdag” – 2:1
Gollar: 14, 38 Guwanç Berdimyradow (“Merw”) – 51 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 84 Şazada Bäşimow (“Merw”) – 31 Serdar Baýramow, 62 Orazmuhammet Işangulyýew, 73 Şiri Annaýew, 79 Nyýazmyrat Kulýazow, 90+1 Resul Mahmydow, 90+2 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Sport desga” (Baýramaly ş.)
Duşuşygyň emini: N.Garajaýew (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: W.Boluýans (Türkmenabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy:
T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
1. | “Ahal” FK | 3 | 3 | 0 | 0 | 7-0 | 9 |
2. | “Aşgabat” FK | 4 | 2 | 1 | 1 | 4-1 | 7 |
3. | “Arkadag” FK | 2 | 2 | 0 | 0 | 8-0 | 6 |
4. | “Şagadam” FK | 4 | 2 | 0 | 2 | 4-4 | 6 |
5. | “Merw” FK | 4 | 2 | 0 | 2 | 3-3 | 6 |
6. | “Nebitçi” FK | 3 | 1 | 0 | 2 | 2-7 | 3 |
7. | “Köpetdag” FK | 3 | 0 | 2 | 1 | 2-3 | 2 |
8. | “Energetik” FK | 3 | 0 | 1 | 2 | 1-9 | 1 |
9. | “Altyn Asyr” FK | 2 | 0 | 0 | 2 | 1-5 | 0 |