Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy
weather mary 33° C Mary
weather mary 33° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy

653 14.11.2024

Düyn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.

Ýurdumyzda kinematografiýa işini ösdürmäge, kinoforumlaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlardaky ugurdaş halkara çärelere yzygiderli gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäherinde geçen ýyl “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etdi.

...Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, türki döwletleriň aktýorlary, režissýorlary, kinematografiýa işgärleri gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, hormatly myhmanlar gyzyl haly düşelen ýodajykdan ýöräp geçýärler. Bu ýere ýygnananlar çeper we dokumental filmleriň bäsleşiginiň eminlerini şowhunly el çarpyşmalar bilen mübärekleýärler. Soňra Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan, Tywa, Çuwaş Respublikalarynyň, Moldowanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalary geçýärler.

Mukamlar köşgüniň baýramçylyk äheňinde bezelen eýwanynda türkmen kinematografiýasynyň taryhyndan söz açýan sergi ýaýbaňlandyryldy. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren halk aýdym-sazlary dabara milli öwüşgin çaýdy. Kinofestiwal Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň artistleriniň we ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmen dünýäsi” atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy.

Soňra “Gorkut ata” halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Gutlagda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň dost-doganlygyň, halkara hyzmatdaşlygyň mekanyna öwrülendigi bellenilýär. Mälim bolşy ýaly, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», gadymy Änew şäheri bolsa «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. “Beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaraly günlerinde türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň Aşgabat şäherinde geçirilmeginde hem uly many bardyr. Bu günki gün ak mermerli paýtagtymyzda halkara festiwallary, konsertleri we forumlary ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, ýurdumyzyň bu ugurda toplan tejribesi bütin dünýäde ykrar edilýär” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew gutlag sözünde guramanyň bu kinofestiwal arkaly türki dünýäniň gymmatlyklaryny tutuş Ýer ýüzüne görkezmäge, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny belledi hem-de festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Dabara Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan taýýarlanan “Gorkut ata” atly wideoroligiň görkezilmegi bilen dowam etdi.

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri medeniýetiň, sungatyň, ylym-bilimiň ojagy hasaplanypdyr. Taryhda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetler onuň şan-şöhratyny artdyrypdyrlar. Watanymyz Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly meşhur seljuk soltanlarynyň ýaşap geçen topragydyr. Häzirki wagtda şöhratly ata-babalarymyzyň bize miras galdyran milli medeniýeti has-da baýlaşdyrylýar. “Türkmenfilm” birleşigine Oguz hanyň adynyň dakylmagy hem edermen ata-babalarymyza, beýik taryhymyza uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Soňra milli lybasly oglan “Durna” heýkeljigini getirýär. Türkmenistan şu ýyl bu göçme nyşany Gazagystana geçirýär. Soňra myhmanlar çeper we dokumental filmlere baha berýän eminler topary bilen tanyşdyryldy.

Medeni dialogyň esasy wezipesi medeniýetleriň arasyndaky toplumlaýyn, köptaraply gatnaşyklary ýola goýmakdan, türki halklaryň baý medeni taryhy mirasyny, sungatda, kinematografiýada gazanylýan üstünlikleri wagyz etmekden, döredijilik gatnaşyklaryny höweslendirmekden ybaratdyr.

“Meňli” we “Aşgabat” toparlarynyň çykyşy milli däp-dessurlary wagyz edýän aýdym-sazlar bilen utgaşyp, nesilleriň dowamatlylygyny alamatlandyrdy. Türkmen kinofilmlerindäki aýdymlar kino sungatynyň bu giň gerimli çäresine aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra “Gorkut ata” kinofestiwalyna gatnaşýan çeper, dokumental filmler bilen tanyşdyrýan gysga görnüşli wideorolikleriň görkezilişi boldy. Şeýle-de festiwala gatnaşyjylar Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň surata düşüren filmleri barada gysgaça maglumat berýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Tomaşaçylar umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan “küştdepdi” tansyny ýerine ýetiren “Miras” folklor toparynyň çykyşyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar

Kinoforumyň birinji gününiň wakalary ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy.

Medeni çäräniň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlar gadymy Änew galasyna we Seýit Jemaleddin metjidine baryp gördüler. Bu orta asyr ýadygärliginiň mozaika bezegi ýerli gurluşykçylaryň ussatlygynyň we şol döwrüň binagärlik sungatynyň ösen derejesiniň aýdyň nyşanydyr. 1948-nji ýyldaky weýrançylykly ýertitreme oňa zeper ýetiripdir. Muňa garamazdan, ol zyýaratçylar üçin özüne çekiji ýerleriň biri bolmagynda galýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Gymmatly maglumatlary özünde jemleýän bu eser Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de TÜRKSOÝ-nyň çözgüdi bilen türki dünýäniň beýik şahyrynyň we akyldarynyň ýyly hökmünde bellenilýän şu ýylda türkmen halky üçin ajaýyp sowgat boldy.

Şeýle hem myhmanlar ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp gördüler. Häzirki wagtda “Aziýanyň merjeni” diýlip ykrar edilen Aşgabat dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi. Ilatyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasynyň ileri tutulýan wezipesi bolup durýar.

Üç günüň dowamynda giň tomaşaçylar köpçüligine paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda, “Watan”, “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kino ussatlary tarapyndan döredilen filmler görkeziler. Kinofestiwalyň ikinji gününiň maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary üçin ussatlyk sapaklary geçiriler. Mundan başga-da, şol gün “Aşgabat” myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy bolar, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gezelenç guralar.

Şeýlelikde, sungatyň güýji kalplary birleşdirýän gudrata öwrülýär. “Gorkut ata” halkara kinofestiwalynyň çäklerinde geçiriljek çäreler bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşar.

46
46 15.06.2026
Biz — bagtyýar çagalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde geljegimiziň eýeleri bolan körpeler hakynda yzygiderli alada edilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler. Ýakynda Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşda “Gaýratly” topary 1-nji, “Joşgun” topary 2-nji, “Şatlyk” topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy. Altyn HALILLAÝEWA.

38
38 15.06.2026
Körpeleriň ýaryşy

Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda 11-nji çagalar bakja-bagynda şäheriň çagalar bakja-baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Körpe türgenler” ady bilen welosiped sürmek boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş körpeler üçin örän gyzykly boldy. Çekeleşikli geçen ýaryşda körpeler öz aralarynda ýaryşdylar. Ýaryşyň şertlerine laýyklykda olar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde körpeleriň birnäçesi öňe saýlandy we baýrakly orunlara eýe boldy. Ýeňijilere TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şatlykly pursatlara beslenen ýaryşyň ahyrynda körpeler ajaýyp zamanada sport bilen meşgullanmaga, bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar. Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.

43
43 15.06.2026
Milli medeniýet — halkyň egsilmez hazynasy

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli TMÝG-niň Ýolöten etrap geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda “Ajaýyp agşam” toý mekanynda etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Milli medeniýet — halkyň egsilmez hazynasy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa, etrap medeniýet bölüminiň hünärmenleri Ýazbibi Aganyýazowa, Berdimyrat Çaryýew, Ýolöten şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Döwlet Çaryýew we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işleriň netijesinde türkmen medeniýetiniň şan-şöhratynyň barha arşa göterilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Şatlyk-şowhuna beslenen dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy. Ýaňlanan owazlar hemmelere ruhy lezzet paýlady. Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA.

40
40 14.06.2026
Buýsanjyň beýany

TSTP-niň welaýat komitetiniň mejlisler zalynda TSTP-niň welaýat komitetiniň we Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademikligine saýlanylmagy hem-de ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, TSTP-niň welaýat komitetiniň hünärmeni Röwşen Geldimyradow, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Mähri Halmuhammedowa çykyş etdiler. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmakda, ylym we bilim ulgamyny has-da ösdürmekde, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmekde alyp barýan işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahata gatnaşyjylar halkymyzy bagtyýar günlerde ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Aýparça AKYMOWA.

41
41 14.06.2026
«Gülüň owadan» atly bäsleşik geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleri esasynda halkymyzyň milli medeni mirasyny, däp – dessurlaryny, el hünärlerini öwrenmäge giň ýol açyldy. Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň merkezi Geňeşiniň,Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda “Gülüň owadan” atly bäsleşik  geçirildi.Ýolöten şäheriniň  döwrebap Medeniýet öýünde geçirilen bu bäsleşik etrabyň medeniýet ulgamynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlary gatnaşdylar. Döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp joşgunly zähmet çekýän Watanymyzyň bagtyýar zenanlary milli el işleriň dürli görnüşlerini taýýarlap, geljekki nesillere miras goýulmagy ugrunda nusgalyk işleri görkezýärler. Mary welaýatynda-da halkymyzyň gündelik durmuşynda ulanýan milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezmek, döwrebap röwüşde janlandyrmak we geljekki nesillerimize miras galdyrmak ugrunda asylly işler durmuşumyza ornaşdyrylýar. Zenanlaryň ýiti zehininden, ýürek joşgunyndan dörän milli el işleri, nepis halylary, owadan gülli keçeleri şöhratly taryhymyzda öçmejek yz galdyryp, biziň şu günlerimize sarpalanyp, öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Asyrlaryň kämillik synagyndan geçen türkmen durmuşynyň aýrylmaz hemrasy bolan gündelik durmuşumyzda giňden peýdalanylýan gülli keçeleriň dürli görnüşlerine ähli döwürlerde-de dünýä ýüzünde uly isleg bildirilipdir. Häzirki wagtda hem bu gadymy we müdimi sungatymyz bolan, türkmen ak öýleriniň bezegi gülli keçeleri taýýarlamakda Mary welaýatynyň Ýolöten şäheriniň zähmetsöýer, bagtyýar zenanlary yhlasly zähmet çekip öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Çeper elli zenanlar gülli keçeleriň dürli görnüşlerini taýýarlamakda ýüň saýmak,ýüň daramak, keçe güllemek ýaly işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ösüp gelýän ýaş nesillere öwretmekde, ene - mamalarymyzdan galan ýol - ýörelgeleri dikeltmekde asylly işleri durmuşa geçirýärler. Eli hünärli, zehin döredijilikli zenanlar bu arzyly hünäri höwes bilen ýerine ýetirip,  taýýarlaýan keçe önümlerini has-da kämilleşdirip, täze nusgalary halka ýetirmekde  tutanýerli işleri durmuşa geçirýärler. Älemgoşar öwüşginli gülli keçelere salynýan nagyşlar özboluşly manyny aňladyp halkymyzyň geçmiş taryhy bilen baglanyşyklydyr. Her welaýatyň özüne mahsus keçe önümleri we olara salynýan ajaýyp gülleri bolup, olar dürli ölçeglerde taýýarlanyp, özlerine mahsus atlary bolupdyr. Keçe önümlerini taýýarlamak köpçülikleýin zähmeti talap edip, häzirki güne çenli hem öz gymmatyny, sarpasyny ýitirmän dowam edip gelýär. Zenanlar bu hünäri hemişe agzybirlikde ýerine ýetiripdirler. Ene – mamalarymyz özleriniň zehin döredijiliginden, ukyp başarnyklaryndan döreden gülli keçeleri bilen ak öýleriň içini bezäpdirler. Bu keçeler ekologiýa taýdan arassa bolup, ynsan saglygyna peýdalylygy bilen häzirki günlerimizde hem giňden ulanylýar. Çeper elli zenanlarymyz döredijilik gözlegleriniň miweleri bolan el işlerine we milli gymmatlyklarymyzyň her birine älem gözelligini siňdirip, özboluşly sungaty döredýärler. Bu günki günde sarpasy belentde tutulýan bagtyýar zenanlar halkymyzyň baý geçmiş taryhynda öçmejek yz galdyran milli gymmatlyklarymyzy hemmetaraplaýyn öwrenip, dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda döwlet ähmiýetli işleri durmuşymyza ornaşdyrýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar. Maýa Annemeredowa

37
37 14.06.2026
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Mary welaýatynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerem çuň many-mazmuna beslenýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň gurnamagynda wagyz-nesihat çäresi geçirilip, oňa hususy kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmekde, hususy ulgamy ösdürmekde, türkmen telekeçilerini goldamakda döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Döwletimizde sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly we zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda amala aşyrylýan işler dogrusyda hem bu ýerdäki çykyşlarda aýratyn bellenildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler bu ýere ýygnan ýaş telekeçilere halal zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmaklaryny öwran-öwran nygtadylar. Merjen Çaryýarowa.

37
37 12.06.2026
Taryha gaýybana syýahat boldy

Ýakynda welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň, şeýle-de şäherdäki edara-kärhanalaryň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda gezelenç guraldy. Gezelenç oňa gatnaşanlar üçin has-da täsirli boldy. «Milli gymmatlyklarymyz — ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep» ady bilen guralan gezelençde ýaşlar türkmen halkynyň taryhy geçmişi, oba durmuşy, gymmatly hem taryhy eksponatlaryň ähmiýeti bilen içgin tanyş boldular. Olar bu ýerde taryhymyza syýahat etdiler. Muzeýiň ylmy işgäriniň beren täsirli gürrüňi bolsa ýaşlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Annagözel SARYÝEWA.

38
38 12.06.2026
Innowasion ösüşiň we sanly geljegiň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni giňden bellenilip geçilýär. Hut şu nukdaýnazardan ýakynda TAP-nyň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň, işgärleriniň işjeň agzalarynyň we kitaphanaçylaryň gatnaşmagynda kitaphananyň mejlisler zalynda Ylymlar güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahaty TAP-nyň Mary şäher komitetiniň başlygy Mekan Annadurdyýew alyp bardy. Dabaraly maslahatda Mary welaýat Daşky gurşawy goramak müdirliginiň döwlet inspektory Dawut Döwletgeldiýew, TAP-nyň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Eneş Orakowa çykyş etdiler. Çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň üstünliklere beslenýändigini, ylmyň soňky gazananlary, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy, ýurdumyzda ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryndaky ösüşler, öňegidişlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Oguljeren GAIPOWA.

40
40 12.06.2026
Bedew batly Watanym

Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde “Bedew batly Watanym” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň hünärmenleri, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda gazanylan ajaýyp ösüşler, ýetilen belent sepgitler, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Merjen MEJYÝEWA.

40
40 12.06.2026
Bedew batly Watanym

Etrap häkimliginiň, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda şäher medeniýet öýünde “Bedew batly Watanym” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata etrap häkimliginiň hünärmenleri, syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Şasenem Röwşenowa çykyş etdiler. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda gazanylan ajaýyp ösüşler, ýetilen belent sepgitler, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň şanly wakalara beslenýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Merjen MEJYÝEWA.

45
45 11.06.2026
Welaýat saýlaw topary täzeden döredilýär

Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.  Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.  Gulälek GURBANGULYÝEWA.

163
163 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

156
156 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

161
161 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

163
163 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

160
160 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

152
152 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

147
147 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

1658
1658 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1453
1453 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1711
1711 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1644
1644 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1598
1598 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1859
1859 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1385
1385 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1672
1672 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.