“Ak altynyň” bol hasylyny öndürmekde gujur-gaýratly zähmet çekilýär
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar bilen barylýan günlerde bereketli toprakdan “ak altynyň” bol hasylyny öndürmekde gujur-gaýratly zähmet çekýän Mary welaýatynyň edermen hasyl ussatlary hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermeginde pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler.
Ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň durmuşynda jogapkärli möwsümiň başlanmagy bilen baglanşykly Mary welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahata welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, welaýatyň oba-hojalyk toplumynyň we bu pudaga degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, agranomlar, tejribeli kärendeçiler gatnaşdylar. Maslahatdaky çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde tutanýerli zähmet çekýan welaýatyň ussat pagtaçylarynyň yhlasy bilen şu ýyl welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryna gowaçanyň ýokary hasyl berýän tohumlary ekilip, bol pagta hasylynyň kemala getirilenligi nygtaldy. Şeýle-de bu maslahatda jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmekde öňde duran gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmegiň anyk ýollary kesgitlenildi. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň babadaýhanlaryna berýän kömekdir goldawlary üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Maslahata gatnaşan adamlar we ýaşuly nesliň wekilleri soňra welaýatyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etmek bilen döwrebap muzeýiň oba hojalyk pudagyna degişli bölümine aýlanyp gördiler. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk kesp-kärlerini, ekerançylykda ulanan zähmet gurallaryny, bol pagta hasylyny ýetişdirmekdäki tejribelerini şeýle-de oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini, şu günki ýeten belent derejelerini giňden beýan edýän taryhy gymmatlyklar olarda uly täsir galdyrdy. Soňra maslahata gatnaşan oba hojalyk toplumynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ussat kärendeçiler, mehanizatorlar hem-de welaýatyň bagtyýar raýatlary pagta ýygymyna badalga berilýän ýeri bolan Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ,,Türkmenistan” daýhan birleşiginiň “ak altynly” ekin meýdanyna bardylar. Bu ýerde ýagşy dilegler bilen pagta ýygymyna badalga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň pagta ýygymyna girişmek barada beren ak patasy bilen ruhlanan ýaşuly nesliň wekilleri ilkinjiler bolup, “ak altynly” pellere girdiler hem-de bissimilla bilen bu möhüm işiň başyny başladylar. 2025-nji ýylyň pagta ýygymyna ýagşy dileg – arzuwlar bilen girişilmegi mynasybetli ekerançylyk meýdanynda kalbyňy joşa getirýän zähmet galkynyşy emele geldi. Welaýatyň pagtaçy- kärendeçileri, köpmüňçi ýygymçylary hem bu asylly başlangyja eýerip, ak patrak deý açylan ak hanalary çalasynlyk bilen sogrup, pagta ýygymyna goşuldylar. “Ak altynly” atyzda sazlaşykly hereketleriň giňden ýaýbaňlanmagy welaýat boýunça pagta ýygymyna köpçülikleýin badalga berilendiginiň buşlukçysy bolup, daýhan göwünlerini has hem belende göterdi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýyl pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyryp bermegi welaýatyň hasyl ussatlarynyň zähmete bolan höweslerini has-da artdyrdy. Dabaraly pursatda pagta ýygmakda has tapawutlanan ýygymçylara ýörite sowgatlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ýerde pagta ýygymynyň başlanmagy mynasybetli medeni köpçülik çärelerine-de uly orun berildi. Dabaranyň geçýän ýerinde ak öýleriň uzyn hatary gurlup, türkmen obasynyň ajaýyp keşbi döredildi. Bezemen sahnada ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar ajaýyp döwrümiziň hoş owazly mukamlary bolup ýaňlandy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, birleşen tans toparlarynyň halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan çykyşlarynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt, umumyadamzat bähbitli dünýä nusgalyk işleri, milli baýlygymyz hasaplanýan ak pagtamyz, hasyl ussatlarynyň çekýän päk we halal zähmetleri joşgunly wasp edildi. Dabaranyň çar ýanynda bezelen ak öýler toý tapçanlary oba hojalyk, maldarçylyk, pagtaçylyk pudaklarynyň ösüş-özgertmelerini giňden beýan edýän sergiler, bagşy-sazandalaryň aýdym-saz toparlarynyň belent heňde ýaňlanýan owazlary toý şatlygy bilen utgaşyp, özboluşly sazlaşygy emele getirdi. Dabaranyň geçýän ýerinde gök, bakja, dokma we azyk önümleriniň, oba hojalyk gurallarynyň, amaly-haşam sungatynyň hem-de beýleki taryhy we milli gymmatlyklarymyzyň sergilerine-de uly orun berildi. Dabaraly toý güninde bereketli saçaklar ýazylyp, toý gazanlary atarylyp, dürli tagamlar taýýarlanyldy we toý mähellesine hödür edildi. Bu ýerde körpeleriň çaga dünýäsine mahsus oýunlary oýnamaklary, sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar örän täsirli boldy. Ekin meýdanynyň gyrasynda goýlan Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden yzygiderli alyp berýän täze innowasion tehnologiýaly, kuwwatly pagta ýygyjy maşynlarynyň we gowaçanyň ýapragyny düşürýän oba hojalyk tehnikalarynyň uzaklara uzap gidýän hatary ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň tehniki binýadynyň barha pugtalanýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi. Oba hojalyk tehnikalarynyň ýanynda Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň gurnamagynda ýangyn howpsuzlygy we ýol gözegçilik bölümleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda mehanizatorlar bilen geçiren wagyz-nesihat çäresi hem örän täsirli boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň gurnamaklarynda talyp ýaşlar bilen okuw maslahaty hem geçirildi. Soňra welaýatyň hasyl ussatlarynyň yhlasly zähmetleri bilen dörän, üstüne “ak altyn” hasyly ýüklenen ýük awtoulaglarynyň kerweni şowly badalga aldy. Üsti “ak altynly” ýük awtoulaglarynyň hatar guran kerweni Mary şäheriniň gözel künjeklerinden, görkana köçelerinden, owadan binalarynyň golaýyndan geçip, Sakarçäge etrabyndaky her ýylda kyrk müň tonna tohumlyk pagtany gaýtadan işleýän pagta arassalaýjy kärhanasynda guralan dabaranyň geçýän ýerine geldi. Bu ýerde üstüne ,,Ak altyn” ýüklenen ýük awtoulaglar kerweni şatlyk-şowhun bilen garşylanyldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň täze pagta hasylynyň ilkinji tonnalarynyň bu pagta arassalaýjy kärhanasyna tabşyrylyp başlanylmagy hemmelerde ýakymly duýgulary döretdi. Bu günki dabaraly günde bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hem giňden ýaýbaňlandy. Dabarada sungat ussatlarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda asuda we parahat ýaşaýşy üpjün edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt we dünýä ähmiýetli alyp barýan belent maksatly işlerini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda gazanylýan ösüşleri, mukaddes türkmen topragyny we kärendeçi-daýhanlaryň yhlasly zähmetlerini wasp edýän aýdymdyr sazlary belentden ýaňlanyp, şol döwrebap çykyşlar hemmeleriň kalbyna ýakymly duýgulary paýlady. Welaýatyň birleşen tans toparlarynyň döwre gurap ýerine ýetiren göçgünli tanslary hem dabara gatnaşanlaryň dowamly el çarpyşmalary bilen alkyşlandy. Ýurt Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramlarynyň giňden toýlanjak ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli geçirilen bu dabarada çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň möhüm ugry bolan pagtaçylyk pudagynyň ösdürilişi, kärendeçilere we daýhanlara toprakdan bol hasyl almakda ähli babatda döredilip berilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler hem-de zähmetsöýer babadaýhanlarymyza ähli zerur bolan şertleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Çäräniň dowamynda öňdebaryjy pagtaçy kärendeçilere we oba hojalyk işgärlerine Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ýerde hasyl ussatlarynyň pagtaly meýdanlardaky iş pursatlaryny açyp görkezýän görnüşler, şeýle-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynda öndürilýän matalardan tikilip taýýarlanan döwrebap toý lybaslarynyň we çaga egin-eşikleriniň köpdürlüligini mahabatlandyrýan pursatlar hem dabara aýratyn öwüşgin berdi. Toý gününde gelin-gyzlaryň halkymyzyň asyrlar aşyp, dowamat-dowam bolup gelýän el işleriniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirmek bilen halk döredijiliginden bölekleri aýtmaklary hem bu günki dabara özboluşly millilik ruhuny çaýdy. Dabaranyň geçirilýän ýerinde haly we el işlerinden, ajaýyp şaý-seplerden, milli gymmatlyklarmyzdan hem-de gymmatly çig mal bolan pagtadan alynýan dokma we azyk önümlerinden gurnalan giň sergi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde welaýatyň ýaşuly nesliniň wekilleriniň ,,ak zat alnyňa ýagşy” diýip ak pagtanyň ilkinji hasyllaryny ýüzlerine sylyp, pagtaçy daýhanlarymyza zähmet ýeňişlerini gazanmakda ýagşy arzuw-dilegleri etmekleri hem dabaranyň iň bir ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi. Soňra dabara gatnaşanlar Sakarçäge etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Dünýäniň ösen, kuwwatly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhanada pagta arassalamakda alnyp barylýan işler dogrusynda kärhananyň hünärmenleriniň beren gyzykly gürrüňleri hem myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýatyň ussat pagtaçylary bir ýüz altmyş iki müň gektarda gowaçanyň bol hasyl berýän görnüşlerini kemala getirip, üç ýüz elli dokuz müň tonna “ak altyny” döwlet harmanyna tabşyrmaklygy maksat edinýärler. Bu belent sepgidi eýelemek üçin welaýatda ähli şertler hem mümkinçilikler bar. Şu möwsümde pagta ýygymyna Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden alyp berýän kuwwatly öndürijilikli işleýän pagta ýygyjy maşynlaryň uly topary gatnaşar. Pagtany ýitgisiz daşamak işlerine bolsa ýük awtoulaglarynyň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň ýeterlik möçberi taýýar edildi. Mary welaýatynyň oba hojalyk işgärleriniň pagta ýygymyna guramaçylykly girişmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlete pagta tabşyrmak baradaky belent sepgidi eýelejekdiklerine bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.