Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim
weather mary 13° C Mary
weather mary 13° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Türkmenistan — Eýran: döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim

661 29.08.2024

Düyn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi.

Irden paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar ugratdylar.

Mälim bolşy ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Uzak möhletli geljege niýetlenen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasy ulgamlary öz içine alýar hem-de iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk gelýär. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-eýran gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň özi dostlukly döwletleriň öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, hyzmatdaşlygyň kuwwatynyň berkeýändigi bilen şertlendirilendir. Haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artdyrylmagy, bilelikdäki giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, syýasy ynanyşmagyň berkidilmegi, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça birek-biregiň işjeň goldanylmagy, halkara we sebit işlerinde özara hereketler döwletara dialogyň okgunly ösmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin bar bolan ägirt uly mümkinçilikler Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň tutuş sebitde netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin strategik ähmiýete eýedigini görkezýär.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň hem üstünlikli ösdürilýändigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda ysnyşykly medeni we ylmy alyşmalaryň ýola goýulmagy, türkmen, eýran wekiliýetleriniň gatnaşmagynda halkara maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi, özara Medeniýet günleriniň, amaly-haşam sungatynyň sergileriniň, beýleki bilelikdäki çäreleriň guralmagy munuň aýdyň güwäsidir.

Sebit we ählumumy gün tertibiniň ençeme meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy Türkmenistan bilen Eýranyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gezekki sapary, ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri hem döwletara dialogy has-da pugtalandyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam eder.

...Iki goňşy döwletiň baýdaklary bilen bezelen Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýokary wezipeli resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi boldy. Milli Liderimiz hem-de hanym Farzane Malwajerd ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň netijelidigini belläp, Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň strategik häsiýete eýedigini nygtadylar. Munuň özi köp babatda köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga çalyşýan iki ýurduň garaýyşlary bilen şertlendirilendir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň awtoulag kerweni “Saadabad” toplumynyň “Jumhuri” köşgüne ugrady. Şol ýerde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Merkezi girelgäniň öňünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Prezident Masud Pezeşkian mähirli garşylady. Gahryman Arkadagymyz we Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany dostlarça salamlaşyp, köşge barýarlar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra çäkli düzümde duşuşyk geçirildi.

Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp we Eýrana sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi. Şol gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar. Eýranyň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ägirt uly goşant goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşýandygyna hem-de netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýollary barada pikir alyşmaga örän şatdygyny nygtady. Häzirki gepleşikleriň örän wajypdygy barada aýdyp, onuň iki goňşy döwletiň gatnaşyklarynda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen birlikde, munuň özi taraplaryň türkmen we eýran halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna türkmen wekiliýetine bildirilen ýokary derejedäki myhmansöýerlik, işlemek üçin döredilen şertler, şu günki duşuşyklar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan hem-de öz adyndan Masud Pezeşkiany Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady we alyp barýan döwlet bähbitli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Masud Pezeşkiana döwlet Baştutanymyzyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirip, özüne amatly bolan wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylyk hatyny gowşurdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen salamy we hoşniýetli sözleri üçin hoşallygyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, çakylyk üçin sagbolsun aýtdy hem-de özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen baryp görjekdigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderine pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby sowgat berdi.

Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde Ogulabat ejäniň durmuş ýoly we türkmenleriň özboluşlylygynda öz beýanyny tapan, Watana wepaly, mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam edýän gymmatlyklar barada gürrüň berilýär. Milli Liderimiz kitabynda möhüm ähmiýetli medeni gymmatlyklara — halk döredijiliginde, tymsallarda, rowaýatlarda öz beýanyny tapan parasatly ýörelgelere ýüzlenýär. Halk döredijiliginiň şol eserleriniň köpüsi giňden mälimdir. Terbiýäniň, watansöýüjiligiň özara baglanyşygy baradaky pikir kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şunuň bilen birlikde, ol Watanymyzyň geljegi bolan türkmen ýaşlary üçin pähim-paýhasyň, bilimleriň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow pars diline terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby minnetdarlyk bilen kabul edip, ony türkmen halkyna gymmatly sowgat, biziň enelerimize belent sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, ene-atalara hormat goýmak halkymyzyň gadymdan gelýän däbidir. Meniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserimde bular barada jikme-jik beýan edilýär. Bu däp biziň enelerimize hormat-sarpanyň ýokary nusgasy bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Kitapda enäniň, maşgala ojagynyň mukaddesligi, Watana söýgi, ene-atalaryň we çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň esaslary barada gürrüň berilýär. Munuň özi ösüp gelýän nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm orny eýeleýär.

Halkymyz gadym döwürlerden bäri ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär, olarda zähmetsöýerlik, ýaşululara hormat goýmak ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine jogapkärçilikli çemeleşilýär. Bu gymmatlyklar häzirki döwürde ösüp gelýän nesli terbiýelemekde ähmiýetlidir. Gahryman Arkadagymyz bu eseriň pars diline terjime edilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, onuň doganlyk ýurduň giň okyjylar köpçüligi üçin gyzykly we peýdaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy kitabyň pars diline terjime edilendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür, işinde uly üstünlikleri, doganlyk halka bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň maýynda pajygaly ýagdaýda aradan çykan Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşant goşandygyny belledi. Ol gysga döwrüň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy köp ugurlar boýunça ösdürmek üçin ägirt uly işleri amala aşyrdy diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bellenen meýilnamalaryň hem-de taslamalaryň ählisiniň durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamy Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Şunda gaz pudagy ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde bellenildi. Biziň ýurtlarymyz uzak ýyllaryň dowamynda bu ugurda hyzmatdaşlyk edýär. Onuň çäklerinde Eýrana we onuň üsti bilen “swap” görnüşinde beýleki ýurtlara türkmen tebigy gazy iberildi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy hem-de Türkmenistanyň bu işleri has giň gerimde dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady. Ýakyn geljekde şeýle usulda Yrak Respublikasyna-da türkmen tebigy gazynyň iberiljekdigi bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Halk Maslahatynyň Başlygy Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmak babatda tagallalaryň edilýändigini aýdyp, bu ugurda eýran kompaniýalary bilen taslamalary we işleri bilelikde amala aşyrmagy teklip etdi.

Beýleki bir möhüm ugur elektroenergetika pudagy bilen baglanyşyklydyr. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz bu pudakda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen elektrik energiýasynyň Balkanabat — Gonbat we Şatlyk — Sarahs ugurlary boýunça Eýrana iberilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle hem Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň taslamasy boýunça eýran kompaniýalary bilen deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigi barada aýdyldy.

Üçünji ugur ulag ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda eýran tarapy bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Gahryman Arkadagymyz ýol gurluşygy boýunça bilelikde işlemek hakynda aýdyp, bu ýerde gürrüňiň türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Etrek we Gumdag şäherlerine çenli uzajak awtomobil ýolunyň gurulmagy barada barýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, agzalan taslamany amala aşyrmak boýunça degişli Ähtnamanyň esasynda deslapky işleriň ýerine ýetirilýändigine üns çekildi.

Milli Liderimiz bu ileri tutulýan ugurlarda meýilleşdirilýän bilelikdäki işleri ýakyn wagtda durmuşa geçirmäge başlamagy teklip edip, munuň üçin zerur bolan ähli mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparyny mümkin bolan gysga wagtda guramak boýunça degişli işleri geçirmegi teklip etdi. Munuň özi täze taslamalary amala aşyrmak bilen bagly ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. Halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi. Gün tertibine ikitaraplaýyn görnüşde, iri halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri girizildi.

Prezident Masud Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Liderini we Türkmenistanyň uly wekiliýetini kabul edýändigine şatdygyny belläp, Eýranyň köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň kuwwatly binýadyna esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklady. Goňşy ýurduň Baştutany Türkmenistany hoşniýetli dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz Eýranyň Prezidentine mähirli garşylandyklary, görkezilen myhmansöýerlik we döredilen oňaýly şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Eýran Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge degişli meseleleri maslahatlaşmak üçin Eýrana iş sapary bilen gelendigini aýtdy.

Syýasy babatda biz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna we öňe sürýän halkara başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawlary üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirýäris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi. Eýran Yslam Respublikasy şu güne çenli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň teklipleri esasynda 26 sany Kararnamanyň kabul edilmegine uly goldawlaryny bermek bilen, olaryň köpüsiniň awtordaşlarynyň hatarynda çykyş etdi.

Häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşmagyň çäklerinde taraplar halkara meselelerde mundan beýläk-de bilelikde işlemäge meýillidiklerini tassykladylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara howpsuzlyk meselesi dünýä syýasatynyň wajyp mowzuklarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek işine goşant goşmak ugrunda uly tagalla edýändigi nygtaldy. Hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň öňe süren Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyjynyň wajypdygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu teklibiň durmuşa geçirilmegi babatda eýran tarapynyň öz goldawlaryny berjekdigine ynam bildirdi. Türkmen tarapy hem, öz gezeginde, Eýranyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýar we goldamagyny dowam etdirer diýip, Milli Liderimiz aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň ýokary derejelere eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, has-da ýokary boldy. Özara söwdanyň möçberini ýokarlandyrmak üçin degişli çäreleri geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygy aýdyldy we ikitaraplaýyn esasda iberilýän önümleri we harytlary artdyrmak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu işlere hususy kompaniýalary işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Gaz pudagy ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady we türkmen tarapynyň Eýrana iberilýän gazyň möçberini her ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny belledi. Bu maksada ýetmek üçin bar bolan gaz geçiriji infrastrukturany täzelemek, täze desgalary gurmak we munuň üçin maýa goýmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň çäginde iki sany täze gaz gysyjy desgany we 125 kilometrlik täze gaz geçirijini gurmagyň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Munuň özi Eýrana iberilýän türkmen tebigy gazynyň goşmaça möçberini «Çaloýuk» gaz ölçeýji desgasyna çenli akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda ýakyn geljekde “swap” usuly arkaly türkmen tebigy gazyny Yrak Respublikasyna we soňra Türkiýä ibermegiň göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Taraplaryň pikirine görä, elektroenergetika pudagy hem özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berýär. Bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk tejribesi toplandy. Biz elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek ugrunda tagalla edýäris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we bu babatda möhüm taslama bolan Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň ähmiýetini belledi. Güýjenmesi 500/400 kilowolta barabar bolan bu elektrik geçiriji Mary şäherinden başlap, Sarahsa we ol ýerden türkmen-eýran serhedine çenli uzalar. Onuň türkmen-eýran serhedine çenli uzynlygy 155 kilometre deň bolar.

Taraplaryň belleýişleri ýaly, ulag ulgamy hem ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ulaglar babatda Eýran bilen özara hereketleri pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Hususan-da, ýük gatnawlarynyň artdyrylmagy möhüm wezipe bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurtlarymyzyň awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyň gowy tejribesini toplandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurdaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýylyň maýynda Eýrana bolan resmi saparynyň dowamynda türkmen-eýran serhedinden Türkmenistanyň Gumdag şäherine çenli awtomobil ýoluny gurmak barada ylalaşygyň gazanylandygyna üns çekildi. Uzynlygy 242 kilometre deň bolan bu ýoluň gurluşygyna eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagy teklip edildi. Geçen ýylyň noýabrynda Aşgabatda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda agzalan awtomobil ýoluny gurmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilipdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy demir we awtomobil ýollary arkaly ikitaraplaýyn ýük gatnawlaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz “Sarahs” we “Inçeburun” demir ýol geçiriş nokatlaryndan geçýän harytlaryň möçberini köpeltmegi teklip edip, ýurdumyzyň bu ugurda eýran tarapy bilen bilelikde işlemäge taýýardygyny tassyklady. Milli Liderimiz häzirki wagtda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň işjeňligini ýokarlandyrmak we bu ugur boýunça geçýän awtomobil ýoly arkaly ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen, üçtaraplaýyn esasda işlemegi teklip etdi. Bu hereketleri amala aşyrmak üçin ýurtlarymyzyň kompaniýalaryny işe çekmek ýerlikli bolar diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns çekip, Ermenistan — Eýran — Türkmenistan — Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak babatda tekliplerini beýan etdi. Şeýle-de taraplar ýokarda agzalan strategik taýdan ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly işleri has-da berkitmek üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň işini güýçlendirmegiň maksadalaýykdygyna ünsi çekdiler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek meselesine aýratyn orun berildi. Şunda özara Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, geçen ýylyň noýabrynda Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri guraldy. Ýurdumyzda hem eýran tarapy bilen bilelikde dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli şu ýylyň maýynda Eýranda bilelikdäki medeni-köpçülik çäreleriniň guralandygy üçin eýran tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda bu şanly senä bagyşlanan çäreleriň geçirilmegi dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz öz adyndan we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, taraplar dürli ulgamlarda, hususan-da, ileri tutulýan ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Gol çekilen resminamalaryň hatarynda “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama”, Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Amirabad portunyň arasynda doganlyk port gatnaşyklary barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, tebigy gaz babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük edarasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2025-2026-njy ýyllar üçin Maksatnamasy” bar.

Prezident Masud Pezeşkian geçirilen gepleşikleriň netijelerini teswirläp, duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we geljeginiň, halkara hem sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, mundan beýläkki gatnaşyklaryň anyk ugurlarynyň kesgitlenendigini belledi. Şunda duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygy aýratyn nygtaldy. Gepleşikler döwletara dialoga mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutany ýokary derejedäki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolandygyny aýdyp, gazanylan ylalaşyklaryň iki doganlyk halkyň gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin giň mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkiana bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli gepleşikleri geçirmek babatda döredilen şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz gadymy Eýran topragynda bolmagy özi üçin uly hormat hasaplaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkymyzyň “Kyýamat güni goňşudan” diýen parasatly pähimini ýatlap, köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny alyp barmakda işleriň diňe öňe gitmek bilen utgaşdyrylýandygyny belledi. Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasynda ençeme resminamalara gol çekilendigine üns çekildi. Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, dünýäde iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwlet bolan Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygy üçin Eýran Yslam Respublikasyna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki duşuşyklaryň dowamynda iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklary barada ençeme meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, iri möçberli taslamalaryň amala aşyrylandygyny, energetika, ylaýta-da, gaz pudagynda işjeňligi artdyrmak barada bellenendigini aýtdy. Şonuň ýaly-da, elektrik energiýasy babatda gatnaşyklary ösdürmek, kuwwatlyklary güýçlendirmek meselelerini, ulag ulgamynda infrastrukturany mundan beýläk-de ilerletmek, şol sanda halkara çatryk hökmünde Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini bilelikde netijeli ulanmak boýunça pikir alyşdyk diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň geljekde sebitde, umuman, dünýäde uly orun eýelejekdigine pugta ynam bildirdi.

Iki halky asyrlardan bäri dowam edip gelýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýurtlarymyzda taryhyň dowamynda ençeme şahsyýetler ýaşap geçdi. Şolaryň hatarynda has bize ýakyn bolany Magtymguly Pyragydyr. Bilşiňiz ýaly, şu ýyl onuň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi bellenilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanda geçiriljek toý-baýramlara ýene-de bir gezek çagyrýandygyny aýtdy.

Şeýle-de Halk Maslahatynyň Başlygy “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitaby pars diline terjime etmäge gatnaşan işgärleriň ählisine minnetdarlygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, munuň özi türkmen halkyna, onuň milli däplerine ägirt uly hormat-sarpanyň aýdyň güwäsidir. Milli Liderimiz taryhyň dowamynda bolşy ýaly, enä hormat goýmagyň, beýik ynsana tagzym etmegiň mukaddeslikdigini aýdyp, enäniň maşgala ojagydygyny, geljekki çaga edebidigini, Watana bolan söýgüdigini, umuman, dowamat-dowamdygyny nygtady. Gahryman Arkadagymyz pars diline terjime edilen bu kitabyň Türkmenistanda tanyşdyrylyş dabaralarynyň geçiriljekdigini belledi hem-de şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyga ýokary baha berip, saparyň jemleriniň türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenmek bilen, çykyşyny “Goý, türkmen-eýran dostlugy baky bolsun!” diýen sözler bilen jemledi.

***

Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri bilen duşuşdy.

Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda köp asyrlardan bäri dowam edýän we häzirki döwürde okgunly ösdürilýän gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi. Şol gatnaşyklar dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli kabul edendigi we türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Beýik ruhy lider bilen bolýan duşuşyklaryň her birinde iki ýurt üçin özara bähbitli möhüm meseleler barada maslahat edilýändigini nygtady. Maslahatlaşmalara geçmezden ozal, türkmen halkynyň Milli Lideri şu ýylyň 19-njy maýynda Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, beýleki resmi wekilleriň dikuçar heläkçiliginde aradan çykandygy zerarly ýene-de bir gezek çuňňur gynanjyny bildirdi. Seýed Ebrahim Raisi, hakykatdan-da, türkmen halkynyň uly dosty boldy, döwletara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda köp işleri bitirdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Beýik ruhy lideriň Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky dostluk-doganlygy berkitmek we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda köp işleri bitirýändigini, örän uly goşant goşýandygyny belläp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Men diňe eýran doganlarymyz bilen gepleşiklerde belläp geçýärin, ýagny türkmen halkynyň parasatly pähimlerinde «Kyýamat güni goňşudan» diýilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň hem hemişe iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny nygtaýandygyna üns çekildi.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz, elektroenergetika, ulag pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl Eýranda türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň meşhur şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary derejeli medeni çäreleriň geçirilendigini belläp, bu babatda beren goldawlary üçin Beýik ruhy lidere minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Seýed Ali Hoseýni Hameneýi hoşlaşanlarynda, türkmen we eýran halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Milli Liderimiziň awtoulag kerweni “Mehrabad” Halkara howa menziline bardy we Gahryman Arkadagymyz şol ýerden Watanymyza ugrady.

Biraz salymdan soňra, uçar paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary boldy. Olarda ýangyç-energetika, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, gümrük edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklarda birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi hem-de Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýdyldy.

Duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklaryň ýakyn geljekde iş ýüzünde durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirildi.

116
116 22.10.2026
Ganat ýaýyp uçýar bedew

Mähriban Diýarymyzyň atçylyk sport toplumlarynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň güýzki at çapyşyk möwsüminiň ýaryşlary dowam edýär. Ýüwrükden ýüwrük behişdi bedewleriň arasynda dürli aralyklara guralan ýaryşlar şatlykly pursatlara beslenýär. Welaýat atçylyk sport toplumy geçen ýekşenbede köp adamly boldy. Bedew janköýerleri geçirilýän at çapyşyklaryna höwes bilen tomaşa etdiler. Birinji çapyşykda bir müň metr aralyga çapan ikiýaşar atlaryň arasyndan Tarlaň atly dor at öňe saýlandy. Mary döwlet athanasyna degişli, K.Garýagdyýewiň seýislän, B.Sähedowyň çapan bu aty pellehana 1 minut 8,38 sekuntda gelip, özüniň ýyndamlygyny görkezdi. Bir müň metr aralykda güýç synanyşan ikiýaşar bedewleriň ikinji çapyşygy hem gyzykly boldy. Bu gezek 1 minut 11, 60 sekunt wagt bilen Mary welaýat athanasyna degişli Garadaş atly gara dor at ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi K.Garýagdyýew, çapyksuwary G.Handurdyýewdir. Üçýaşar atlar bir müň dört ýüz metr aralykda ýaryşyp, Ý.Ilamanowyň hojalygyna degişli Keýmir atly gurt mele at pellehana ilkinji bolup geldi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden bu aty bellenilen aralygy 1 minut 39,82 sekuntda geçip, üçünji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Dördünji çapyşyk hem üçýaşar atlaryň arasynda bir müň dört ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Şamyradowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly gara at pellehana 1 minut 34,13 sekuntda gelmegi başardy we ýeňiji boldy. Bu aty seýislän D.Amandurdyýew, çapyksuwarlyk eden G.Ýazberdiýew. Hemmeleri gyzyklandyran bäşinji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda bir müň sekiz ýüz metr aralyga geçirildi. Ş.Orazgeldiýewiň seýislän, B.Mämmedowyň çapyksuwarlyk eden Toýçy atly mele aty R.Läliýewiň hojalyk aty bolup, ol bellenilen aralygy 2 minut 3,26 sekuntda geçdi. Bu at öz janköýerlerini begendirip, bäşinji çapyşygyň ýeňijisi boldy. Tolgundyryjy pursatlara beslenip geçirilen at çapyşyklarynda ýeňiji bolan bedewlere serpaýlar ýapyldy, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabara bilen gowşuryldy. At çapyşygyna tomaşa eden bedew janköýerleri behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde we dünýä ýüzünde meşhurlygyny gazanmakda edýän uly tagallalary üçin Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

54
54 21.10.2026
Ätiýaçlandyryş ulgamynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri hem ätiýaçlandyryş ulgamyny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny goramak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Ätiýaçlandyryş diňe bir maliýe ýitgileriniň öwezini dolmak bilen çäklenmän, eýsem, raýatlarda geljege bolan ynamy hem berkidýär. Tebigy hadysalary, dürli betbagtçylyklar ýa-da beýleki garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli ýüze çykýan ýitgileri ätiýaçlandyryş arkaly belli bir derejede öwezini dolup bilýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň elektron görnüşde ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döreýär. Internet arkaly maglumat almak, ätiýaçlandyryş hyzmatlary bilen tanyşmak, degişli hyzmatlardan onlaýn arkaly peýdalanmak we resminamalary elektron görnüşde taýýarlamak raýatlaryň wagtyny tygşytlamaga hem-de hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga şert döretdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň hilini, tizligini we elýeterliligini has-da ýokarlandyrmak üçin hem täze mümkinçilikler döredilýär. Geljekde hem ätiýaçlandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ykdysady howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün edýän möhüm ulgamlaryň biri bolup ýardam eder. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy ugrunda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris! Jumagözel REJEPDURDYÝEWA.

115
115 21.10.2026
Tutanýerli zähmete höweslendirýäris

Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary netijeleriň gazanylmagyna itergi berip, belent sepgitlere eýe bolunýar. Bu ösüş depgini öňdebaryjy pudak bolan gaz senagatynda-da aýdyň duýulýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzda-da tebigy gazyň akymyny artdyrmakda guwançly görkezijiler gazanylýar. Şeýle bähbitli işlerde awtokärhanamyzyň gazçylarynyň gazanýan zähmet üstünliklerini ýatlamak ýakymlydyr. Sürüjilerimiz Garagum çölüniň dürli ýerlerinde zähmet çekýän gazçylara tehnologik enjamlary, dürli maksatly ýükleri öz wagtynda ýetirmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän kuwwatly awtoulaglarynyň, dürli kysymly beýleki tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy öňümizde durýan jogapkärli wezipelere abraý bilen hötde gelmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem sürüjilerimiz gaz çykaryjylary iş ýerlerine gatnatmakda ýadawsyz alada edýärler. Awtokärhanamyzda sürüjileriň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygy gullugynyň hünärmenleri bilen düşündiriş çärelerini geçirýäris. Bu bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem tehniki howpsuzlygyň we zähmeti goramagyň kadalarynyň berk berjaý edilmegini üns merkezinde saklap, möhüm işleri geçirýäris. Gazçylarymyzyň iş we durmuş şertlerini ýokarlandyrmak bilen bagly aladalarymyzam ýerine düşüp, gowy görkezijileriň gazanylmagyna ýardam edýär. Wepa AKGAJYKOW.

116
116 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

107
107 21.10.2026
Mähirli aladanyň miwesi

Güneşli Diýarymyzda maşgaladan gözbaşly nesil terbiýesi çagalar baglarynda, soňra bolsa orta mekdeplerde dowam etdirilýär. Şu meselede ylym-bilimiň, edep-terbiýäniň düýbi çagalar baglarynda tutulýar. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz bu möhüm wezipä iňňän uly ähmiýet berýär. Çagalar baglarynda oglanjyklardyr gyzjagazlar uly alada bilen gurşalyp, olaryň wagtlaryny gyzykly hem-de peýdaly geçirmeklerinde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Körpe nesil hakda edilýän ýadawsyz alada biziň çagalar bagymyzda-da guramaçylykly ýola goýulýar. Biz körpeleriň wagtlaryny hoş geçirmekleri ugrunda irginsiz alada edýäris. Terbiýeçiniň işinde sabyrlylyk, geçirimlilik, ýadamazlyk ýaly häsiýetler derwaýysdyr. Türkmen halk ertekileri çagalarda uly gyzyklanma döredip, olardaky gahrymanlaryň hüý-häsiýetleriniň üsti bilen körpelerde ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek bähbitlidir. Şol ertekileriň esasynda çagalaryň gatnaşmaklarynda guralýan gysgajyk sahnalaram körpelerde uly täsir galdyrýar. Çagalara okap, ýazyp, sanlary goşup-aýyrmagyň öwredilmegem olaryň ylym-bilime tarap ädimleriniň şowly bolmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Onsoňam, oglanjyklardyr gyzjagazlara goşgulary ýat tutup, aýdym aýtmagyň, tans etmegiň öwredilmegem çaga terbiýesinde wajyp wezipedir. Şeýle hem körpelerimiz dürli ugurlar boýunça çagalar bagymyzda guralýan bäsleşiklerde uly höwes bilen çykyş edýärler. Şäher boýunça geçirilýän bäsleşiklere-de işjeň gatnaşýarlar. Galyberse-de, terbiýeçilik häsiýetli dürli oýunlaram körpelerimiziň wagtlaryny gyzykly geçirmeklerine mümkinçilik berýär. Ajap eýýamymyzyň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli mynasyp neslini kemala getirmekdäki yhlas-tagallalarymyzyň ýerine düşýändigi bizi täze sepgitlere ruhlandyrýar. Mamajan AKYÝEWA.

104
104 21.10.2026
Kämil usullaryň mümkinçiligi

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmek bilen bagly meselä hemişe uly üns berip, möhüm wezipeleri öňde goýýar. Bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri gowulandyrylýar. Bularyň hemmesi bilim işgärlerine bildirilýän talaby öňe çykarýar. Mekdebimiziň mugallymlary şu talapdan ugur alyp, ýaş nesle durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde uly işleri bitirýärler. Şeýle yhlas-tagallalarymyzyň maksadam ajap eýýamymyzyň watansöýüji, edep-terbiýeli, zähmetsöýer ýaşlaryny kemala getirmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär we kämil usullar ornaşdyrylýar Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi möhüm ädim boldy. Mundan başga-da, multimediýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylmagy ýaş nesle bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem öňdebaryjy iş tejribeleriniň giňden ýaýradylmagy, ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde netijeli ulanylmagy möhüm meseläniň oňyn çözgüdinde iňňän uly ähmiýete eýe bolýar. Mekdebimiziň mugallymlary öz işlerinde ýokarda ýatlanlarymyzdan ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarlar. Bu bolsa has-da abadan ertirimiziň ylym-bilimli, edep-terbiýeli adamlaryny ösdürip ýetişdirmekde zerur şertleri döredýär. Oguldurdy ORAZOWA.

55
55 20.10.2026
Danalara gulak goýsaň...

Bir şem başga bir şemi tutaşdyrany bilen öz ýagtylygyndan hiç zat ýitirmez. Möwlana Jelaleddin RUMY. *** Kitapsyz öý jansyz göwrä çalymdaşdyr. SISERON. *** Täze güne täze pikir bilen giriş! DEMOKRIT. *** Bilim adamy körzehinlikden, ýagşylyk edip ezýet çekmekden, anyk netije berip bilmek bolsa şowsuzlykdan halas edýär. KONFUSIÝ. *** Kimde-kim bilim alyp, şony hem durmuşda peýdalanyp bilmese, ol adam ýer sürüp, tohum sepmeýän daýhana çalymdaşdyr. *** Gury sandyr, adam bolsa bilimsiz, Ganaty gyryk guş uçmaz, biliň, siz! SENAÝY. Toplan Döwletmyrat AKMYRADOW.

59
59 20.10.2026
Gyzlaryň (Aýdym)

Gyzlar hakda söz açsaň, böker durar ýürekler, Gyzlar hakda söz açsaň, egiler dik derekler, Gyzlar hakda söz açsaň, janlanar janserekler, Çünki başda ajaýyp döreýşi bar gyzlaryň. Endamyň dyglap gider, gara saçlar çözlense, Ýüregiň jigläp gider, saç serpilip gözlense, Gara saçdan tuty tutup, gara gözler gizlense, Seni örtäp saçlaryn daraýşy bar gyzlaryň. Diş degmedik al ýaňak — alma ýaly ýaňakly, Nar dänesi deý lebi, çukurjykly eňekli, Göründiň garbap iljek ujy täsin çeňňekli, Söýgi sapagyn çözläp, saraýşy bar gyzlaryň. Ýöreýşimi görmäge çykylmasyn diýýämi, Ýelginimden ýigitler ýykylmasyn diýýämi, Ýa nazarlap ýörenim bukulmasyn diýýämi, Seýkin basyp ýuwaşja ýöreýşi bar gyzlaryň. Beýle-de bir beýik zat dörär eken dörese, Ýerem ýaýdanýan ýaly, sallanyp gyz ýörese, Sergezdan ýigitlerden göwnüne kim ýarasa, Göz astyndan ogrynça garaýşy bar gyzlaryň. Sapar ÖRÄÝEW.

53
53 20.10.2026
Jümleler näme diýýär?

Gazanany bezenenine ýetmezlik — ýerliksiz harçlamak, ýet-de-güt-de ýaşamak, kör güzeran bolmak. Gazap atyna atlanmak (münmek) — gazaba münmek. Gazap ody — joşan, möwç uran gahar-gazap. Gazygynda garrasyn — başdaşyndan aýrylmasyn, baran ýigidi bilen ömürlik ýaşasyn, nika pozulmasyn (täze edinilen gelin hakda). Gazykdan ýöretme — bilimsiz, zehinsiz, nadan, ukypsyz, kütek. Gazyk (agaç) ýuwdan ýaly bolup durmak — gazyk ýaly bolup (somalyp) durmak. Gaýnap joşmak (daşmak) — ylhamyň göterilmek, hyjuwyň artmak, soňky hetde gelmek. Gamza kakmak — gaş kakmak, gözüňi-gaşyňy oýnatmak, näz-kereşme etmek, näz bilen yşarat etmek. Gamzaň oky — näz-kereşmeli garaýyş. Gam laýy — çykgynsyz alada, tükenmez gussa. Gamyny iýmek — ugruna çykmak, çäresini görmek, aladalanmak, aladasyny etmek. Gamyş ganat — ganat-peri bekemedik, ýaňy uçurym bolan (guşlar hakda). Ganatyny gyrmak — kuwwatdan gaçyrmak, gurbatdan düşürmek, hereketsiz galdyrmak. Ganyň gatamak — suwsamak, tebsiremek. Gaňňaňy garnyňa almak — kesirlik etmek, tersleşmäge meýil etmek, keçlige tutmak, yrsaramak. Gapy-gapy syrmak — gezende bolmak, ykmanda bolmak. Gapyl basmak — duýdansyz barmak, güpbasdy etmek. “Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.

116
116 21.10.2026
Halal zähmet — hözirli geljek

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen has-da bagtyýar ertirine barýar. Garaşsyz döwletimiziň ösüşli ýolunyň üstünliklere beslenmegine türkmen ýaşlary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan bagtyýar ertirimiziň eýeleri boljak ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Şeýle ynam bolsa ýaşlarda ýokary borç duýgusyny döredýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna ähli şertler döredilýär. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmeklerine hemme mümkinçilikleriň bardygyny bellemelidiris. Ýaşlaryň hukuklarynyň goralmagyny, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmekde uly işler bitirilip, olaryň talaba laýyk dynç almaklary barada edilýän aladalaram guwanç duýgusyny döredýär. Ýaşlar barada edilýän şeýle tagallalar bolsa türkmen ýaşlaryny has-da döredijilikli zähmet çekip, ajap eýýamymyzyň mynasyp adamlary bolup ýetişmeklerine borçly edýär. Onsoňam, döwlet Baştutanymyz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynda: “Ýaşlar Watanymyzyň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir” diýmek bilen, türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär. Şu ynamyň aňyrsynda ýokary jogapkärçilik durýar. Ýokary jogapkärçilikden ugur alýan ýaşlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Mähri TOÝLYÝEWA.

216
216 18.10.2026
Halk Maslahatynyň çözgütleri — ösüşiň ygtybarly kepili

       Baýramaly şypahanasynda Baýramaly şäher häkimliginiň hem-de Demokratik partiýanyň Baýramaly şäher we Baýramaly, Garagum etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen maslahat hem Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan ösüşlere we şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Ýaşuly nesliniň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatda  edilen çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan oňyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa ornaşdyrylýanlygy we şol möhüm işleriň halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilendigi dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda  diýarymyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, milli mirasymyzyň ösdürilişi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzda il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize çyn ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

214
214 17.10.2026
Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda tutumly işler rowaç alýar. Golaýda etrabymyzdaky 10-njy orta mekdepde etrap boýunça ýokardaky at bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, etrap bilim bölümi we Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň etrap geňeşi bilelikde guradylar. Çärä atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, orta mekdepleriň mugallymlary, kitaphanaçylar hem-de okuwçylar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Allanur Sapargeldiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Seýitliýew, 10-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy Kakabaý Çopanow çykyş etdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda atçylygy ösdürmekde badalga berýän giň möçberli işleri, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty, dünýä ýüzünde gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Türkmen bedewleriniň ýyndamlygy, owadanlygy dogrusynda anyk mysallara salgylanyp, gyzykly gürrüň berdiler. Duşuşykdaky çykyşlar oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Muhammetberdi KUŞIÝEW.

224
224 17.10.2026
Halkyň galkynan ykbaly

Şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleri, kesgitlenen wezipeleri halkyň arasynda wagyz-nesihat etmek bilen bagly çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda “Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher, etrap geňeşleriniň TDEI-niň bilelikde guramaklarynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. “Halk Maslahaty halkyň galkynan ykbaly, döwletiň sarsmaz sütünidir” atly çärä ýokarda atlary agzalan edaralaryň we guramalaryň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Mary şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary gatnaşdylar. Çärede TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Merdan Orazmeredow, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy Ogulşirin Seýidowa, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Gurbanmyrat Şanazarow, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukman laboranty Maýagözel Akmämmedowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmeni Gülşat Çetliýewa çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekdäki ähmiýeti barada gürrüň etdiler. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda eýeleýän möhüm orny dogrusynda durup geçdiler. Maksat BÄŞIMOW.

216
216 16.10.2026
Demokratiýanyň dabaralanmagy

Ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini, onda kabul edilen kararlaryň uly ähmiýete eýedigini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen Mary etrap medeniýet öýünde «Türkmenistanyň Halk maslahaty: demokratiýanyň dabaralanmagy» atly maslahat geçirildi. Oňa etrabyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlar gatnaşdylar. Etrap häkimliginiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahatda etrap häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Bahar Hojamgulyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler, umummilli forumdan gelip çykýan wezipeler we kabul edilen kararlar hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Ogulnur BERDIÝEWA.

203
203 15.10.2026
Ýokary ruhubelentlik döretdi

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň öň ýanynda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütlerdir Kararlar kabul edilip, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirildi. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis halkymyzda ýokary ruhubelentlik döretdi. Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle işlere goşantly bolmak her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyş edip, il-ýurdumyzyň parahat, asuda, bagtyýar, bolelin durmuşy hakynda edilýän aladalar barada giňişleýin durup geçdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ählitaraplaýyn ösdürmek, halkara gatnaşyklaryny has-da berkitmek hakyndaky parasatly pikirleri öňe sürdi. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy halkymyzyň buýsançly başyny göge ýetirdi, geljekki ösüşlerimize badalga berdi. Peder ýoluna eýerýän hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän beýik işleri netijesinde okamaga, işlemäge, döretmäge, gurmaga ähli şertler bar. Il-ýurduň has-da ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanyp zähmet çekýän agzybir halkymyz Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize tükeniksiz alkyş aýdýar. Atajan HOJALYÝEW.

210
210 15.10.2026
Abadan geljegimiziň wezipeleri

Üstümizdäki taryhy ýylyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentlik döredýär. Şu ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetliligiň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp geçirilen bu forum jemgyýetimiziň dürli nesilleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Çykyşlarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmek bilen bagly öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçdi. Şu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abadan geljegine kuwwatly itergi berer. Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler kabul edilip, wajyp wezipeler öňde goýuldy. Gülşat REJEPOWA.

217
217 15.10.2026
Bagtyýar eýýamyň okgunly gadamlary

,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda ýokary guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň halk maslahatnyň mejlisinden gelip çykýan wezipelere we ýurdumyzyň ajaýyp ösüşlerine bagyşlanyp  Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher we Mary etrap komitetleriniň bilelikde  gurnamagynda  “Bagtyýar zamananyň batly gadamlary” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Mary myhmanhanasynda ýokary guramaçylykly geçirlen bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, partiýanyň işjeň agzalary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Bu ýerde  çykyş edenler Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlardyr çözgütler we şol çözgütleriň hem il-ýurt bähbidine gönükdirilendigi barada buýsanç bilen bellediler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, dürli ulgamlarda gazanylýan üstünlikler dogrusyndaky gürrüňler hem wagyz-nesihat duşuşygynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler. Merjen Çaryýarowa.

215
215 14.10.2026
Rowaçlyklara beslenen dabaraly ýol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň yzygiderli ösüşlerine ser salanyňda, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işlerine buýsanjyň artýar, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyna guwanjyň goşalanýar. Munuň şeýledigine biz her ädimde göz ýetirýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp şygar dillerde sena bolup ýaňlanýar. Bu taryhy ýylyň 27-nji sentýabrynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy uludan tutuldy. Nesip bolsa 12-nji dekabrda hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygynyň toýy dabaraly bellenilip geçiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Bitaraplygyň saýasynda gazanylýan üstünlikler eziz Diýarymyzyň günsaýyn gülläp ösýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle ajaýyp ösüşler bolsa kalbyňy buýsanja besleýär. Çünki, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň il-günümize beren bagty egsilmezdir. Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda barha gözelleşýän ata Watanymyzyň şan-şöhraty älemi tutsun! Zähmetsöýer halkymyza hemişe bagtyýarlyk we rowaçlyk ýar bolsun! Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri rowaç alsyn! Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.

2336
2336 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

2181
2181 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2416
2416 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

2349
2349 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

2251
2251 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2743
2743 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

2148
2148 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2526
2526 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.