Ýakynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň, TDMG-niň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň, şäher polisiýa bölüminiň, welaýat baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa şäheriň çäginde ýaşaýan, daşary ýurtlarda bolup gelen we indi gitmek üçin resminamalaryny taýýarlaýan raýatlar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.
Daşary ýurtlara okamaga, söwda etmäge, işlämäge, gezelenç we beýleki maksatlar boýunça gidýän raýatlarymyzyň daşary ýurtlarda bolýan wagtlary şol döwletleriň kanunlaryna hormat goýmalydygyny we ony berjaý etmek bilen özlerini mynasyp alyp barmagyny gazanmalydygyny, gitmek üçin degişli resminamalaryň dogry we doly düzedilmelidigini wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk hemmeler üçin örän täsirli boldy.
Duşuşykda TDMG-niň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň uly gözegçisi, maýor Ýegenmyrat Ödemyradow, şäher polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi, polisiýanyň kapitany Güljan Alyýewa hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni Nurmyrat Atabaýew, TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgäri Abdylla Hudaýberdiýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýaşlaryň dünýä döwletlerinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilip berilýändigini, beýleki maksatlar bilen gidilen ýagdaýyndaa ýurdumyz tarapyndan raýatlaryň giň goldawa eýe bolýandygyny nygtadylar. Şeýle-de, olar raýatlara isleýän döwletleriniň alyp barýan syýasatyna laýyk özlerini alyp barmalydygyny, ähli resminamalarynyň talabalaýyk bolmalydygyny içgin düşündirdiler.
Duşuşygyň dowamynda bu babatynda sowal-jogap alşyldy.
Annagözel SARYÝEWA.








