Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşiniň, şäher halk maslahatynyň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat Gümrükhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy «Ata Watan dost-doganlyk mekany» diýlip atlandyryldy. 2025-nji ýylyň 4 – 8-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýetini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän belent işleri ýaşlar köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk Mary şäher Iç keselleri hassahanasynda boldy. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri, şäher halk maslahatynyň agzalary, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçylary, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň işgärleri, şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň ykdysatçysy Wepa Hojaýew, welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor Enebaý Italmazowa, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Maral Gulowa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljekdigi we onuň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ençeme işleriň alnyp barylýandygy hakynda gürrüň etdiler. Şeýle-de, Watanymyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüş-özgerişler dogrusynda buýsançly nygtadylar.
Resul BAÝRAMOW