Ata-babalarymyz ak öýleri söwüt agajyndan ýasap, nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Ak öýleriň süňňi esasan tärimden, uklardan, tüýnükdir gapydan ybarat bolupdyr. Bularyň ählisi birleşip, türkmeniň ak öýüni emele getiripdir. Öýüň daşky görnüşi barada aýdanymyzda, onuň daşy ak keçeler bilen örtülip, üsti bolsa alajalar, owadan haly gotazlary bilen bezelipdir. Öýüň ak keçeler bilen örtülmegi ýylylygy saklamakda esasy rol oýnapdyr. Ak öýler güberçek görnüşinde bolup, tärimler bilen tüýnügiň aralary berk ýüpler bilen berkidilipdir. Uklaryň sany 70-e deň bolupdyr.
Öýüň içki bezegi barada aýdanymyzda, amaly haşam sungatynyň bir görnüşi bolan asyrlaryň dowamyndan şu günlere gelip ýeten mata bölejiklerinden emele gelen gurama bezegleri ulanylypdyr. Şol guramany maşgala gurýan ýaş çatynjalaryň agzybir, döwletli bolmagyny arzuwlap, öýüň diwaryndan asyp goýupdyrlar. Bulardan başga-da, öýüň içki bezegi sandyklar, haly önümlerinden dokalan horjunlar, çuwaldyr torbalar we öý hojalygyna gerek bolan gap-gaçlar bilen bezelipdir.
Ýyllaryň geçmegi bilen biziň ussat ussalarymyz “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýen atalar sözünden ugur alyp, ak öýi gurmak hünärini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Şeýlelikde, uzak wagtyň dowamynda oguz nesli bu işleri ýerine ýetirmek bilen keremli topragymyzyň her bir gysym gumuna watançylyk ruhuny siňdiripdirler.
Goýnunda Watan söýgüsini göterýän Gahryman Arkadagymyzyň taryhy, medeni mirasymyzy goramak, aýawly saklamak, ylmy taýdan öwrenmek we dünýä ýüzüne çykarmak ýaly syýasatlary dowam edip gelýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri “Binagärlik” syýasatynyň üsti bilen asyrlardan-asyrlara geçjek ak öýüň täze keşbini müdimilik galar ýaly sowgat berdi. Türkmeniň her bir nesli özüniň şöhratly taryhyny, medeni gymmatlyklaryny çuňňur bilmelidir. Sebäbi olar Watana, onuň geçmişine, şu gününe, geljegine, belent mukaddesligine özleriniň goşandyny goşmalydyr.
Biz hem maşgala ojagymyzda gurlan ak öýümiziň içini geçmişdäki ýaly türkmeniň taryhyny ýatladýan haly önümleri, gündelik ulanylýan, öý hojalygyna gerek bolan gadymy gap-gaçlary, zergärlerimiziň altyn-kümüşleri, kürtedir çyrpylary, ussat ussalarymyzyň sandyklary, deriden tikilen aýakgaplary, dürli reňkdäki haly gotazlary bilen bezedik.
Umuman aýdanyňda, biziň guran ak öýümiziň täze keşbini synlanyňda, onuň owadanlygyna ýene bir görk berýän gudratyň biri mukaddes ojagyň ýerleşdirilmegidir. Adamlara ýylylygyny paýlaýan şol ojak maşgalamyzyň döwletli ojagy we mirasy bolup galdy.
Şageldi ILAMANOW.








