Gözel Diýarymyzda türkmen sportunyň arşa galýandygyny ýaş türgenlerimiziň gazanýan ýeňşinden hem görmek bolýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň asylly göreldesi esasynda türkmen sporty ýeňişli ýollary bilen dünýä ýaň salýar. Ýaş, ezber türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli türgenleşip, öz başarnyklaryny sport ýaryşlarynda aýan edýärler.
Türkmenistan ýurdumyzdaky hem-de daşary döwlerdäki geçirilýän ýaryşlara biziň erjel türgenlerimiz işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolup, türkmen Tuguny ýokarda pasyrdatýan türgenler ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmakda öz şahsy goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi türkmen sportunyň barha ösýändigini hemmelere äşgär edýär.
Ussat türgenlerimiz özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar.
Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.








