Halkymyzda “Zer gadyryny zergär biler, ýer gadyryny — daýhan” diýip aýdylan ajaýyp söz bar. Ene topragyň gadyryny bilip, oňa ak ýürekden hyzmat etseň, ol berekedini bolluk bilen eçilýär. Munuň şeýledigini tutanýerli, zähmetsöýer kärendeçileriň iş tejribelerinde hem görmek bolýar. Agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, adam hem zähmeti bilen meşhurlyga eýe bolýar. Welaýatymyzda ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanyp, Watanymyzyň ösüşine goşant goşýan kärendeçileriň birnäçesi bar. Şeýle kärendeçileriň biri hem Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiginden Gadam Amangeldiýewdir.
Örküni ene topraga baglap, onuň bilen iş salşyp, özüniň daýhançylyk kesbinde ýeterlik tejribe toplan G. Amangeldiýew ýerinde bereketli hasyly ýetişdirýär. Ol eýelik edýän 4 gektar ýerinde bugdaýdyr pagtadan ýokary hasyl alyp, ilkinjileriň hatarynda Watan harmanyna tabşyrmagy başarýar. Hemişe öňdeligi eýeleýän kärendeçi öz kärdeşlerine hem görelde bolup, degerli maslahatlaryny berýär. Zähmetsöýer kärendeçi şu günler meýdanda ýaş gowaçalaryň idegini ýetirmek bilen meşgullanýar. Ol şu günki hereketiň ertirki bereketdigine örän oňat düşünýär. Şeýlelikde, otag, hatarara bejergi, suw tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirýär.
— Tomus pasly gowaçalara ideg etmekde esasy döwür hasaplanylýar. Şu günlerde gowaçanyň ösüşi az-kem yza galsa, onuň öwezini dolmak kyn bolýar. Beýleki ekinler ýaly gowaça hem ideginiň wagtynda ýetirilmegini talap edýär. Biz munuň şeýledigini iş tejribämizde görüp gelýäris — diýip kärendeçi daýhan gürrüň berýär.
Yhlasly zähmet siňýän göni hatarly gowaçalar daýhany ýeňişli sepgide ýetmäge ruhlandyrýar. Çekýän zähmetinden göwni hoşal Gadam Amangeldiýewe hormatly Prezidentimiziň saýasynda bol hasyl almak ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuwlaýarys.
Durdynabat BAÝRAMOWA.