Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmaly.
Tomus paslynda çagalara we gartaşan adamlara ir säher bilen 06.00 — 09.00-a çenli, öýlän sagat 18.00 — 21.00-a çenli gezelenç etmek maslahat berilýär.
Daşaryk çykylanda Günüň ýiti göni şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmeli, ýaglyk örtünmeli, günden goraýan saýawanlary ulanmaly. Ýanyňyzda ýeterlikli mukdarda agyz suwunyň bolmagyny gazanmaly.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly.
Günüň dowamynda pesinden 5-6 sany gök önümleri we miweleri kabul etmäge çemeleşmeli.
Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 3-5 gramdan artyk bolmazlygyny gazanmaly.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary talaba laýyk berjaý etmeli.
Tomus paslynda şöhlat önümlerini we demir, aýna gaplara gaplanan önümleri ürç edip iýmekden saklanmaly.
Günüň dowamynda gerekli mukdarda 1,5-2 litrden az bolmadyk arassa agyz suwuny kabul etmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň
Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.








