Bir işçi hojaýynyň otagyna girip soraýar:
— Näme üçin, siz maňa bir hepde işim üçin bary-ýogy bir manat töleýärsiňiz, şol wagt aralygynda Sakara 15 manat töleýärsiňiz?
Hojaýyn penjirä seredýär we gürleýär:
— Biriniň bize tarap gelýäni eşidilýär, bize gyşa bede gerek, satyn almaly bolar. Bar, seret, bede getiräýen däldirler-dä.
Işçi daş çykýar, soňra içeri girýär:
— Hawa, bede getiripdirler.
— Nireden getirenlerini bilmeýärmiň? Belki, gaýraky sähralykdandyr?
— Bilmedim.
— Bar, git-de, sora!
Işçi gidýär-de, gelýär:
— Gaýraky sähralykdan ekeni.
— Haýsy orumyňky ekeni, birinjimi ýa-da ikinji?
— Bilmedim.
— Bar, git-de, bilip gel.
Işçi gidip yzyna dolanýar:
— Hojaýyn! Birinji orumyňky!
— Bahasy näçeden ekeni?
— Bilmedim.
— Hany, bilip gel!
Işçi dolanyp gelýär:
— Hojaýyn! Ýigrimi manatdan ekeni.
— Arzanrak bermezlermikä?
— Bilmedim.
Edil şol pursatda Sakar gapydan girýär:
— Hojaýyn! Gaýraky sähralykdan birinji orumdan taýýarlanan bedäni satlyk üçin alyp barýanlar geldi, ýigrimi manatdan berýändiklerini aýtdylar, biz hem çekeleşip on ýedi manatdan almaga ylalaşdyk. Men olary howla saldym, häzir düşürýärler.
Hojaýyn birinji işçä tarap öwrülýär:
— Indi sen düşündiňmi, näme üçin saňa 1 manat, Sakara bolsa 15 manat tölenýänime?
Taýýarlan
Ýazgeldi BABAÝEW.








