Golaýda etrapdaky 20-nji orta mekdepde etrapdaky orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrabyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Orazgül Abdyýewa, etrap hassahanasynyň hukuk maslahatçysy Şeker Babaýewa, etrap arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň zyýansyzlandyryş bölüminiň müdiri Muhammetnazar Agaýew, etrapdaky 20-nji orta mekdebiň müdiri Mähri Rejebowa çykyş etdiler. Olar çykyşlarynda orta mekdeplerde tertip-düzgüni berkitmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, elektrik togundan we tebigy gazdan howpsuz hem-de tygşytly peýdalanmak, ýaramaz endiklerden daşda durmak ýaly derwaýys meseleler barada giňişleýin durup geçdiler.
Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş neslimiziň sagdynlygynyň aladasyny edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Serdar SAPARGELDIÝEW.








