Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde pagtanyň esasy öndürijileriniň biri bolmak bilen, pagta ýüplügini öndürmekde-de uly müňkünçilige eýedir. Her ýylda öndürilýän ýokary hilli pagtadan dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleri öndürmekde ýurdumyzda alynyp barlýan işler dokma senagatynyň ösüşine saldamly goşandyny goşýar. Ýüplük önümçiligi dokma senagatynyň esasy ugry bolmak bilen , ol ýurdyň ykdysadyýetiniň ösüşine uly täsir edýär. Ýurdumyzda dokma senagatynyň eksport mümkinçilikleri barha artýar. Mary deri açyk görnüşli paýdar jemgyýetiniň ýüpük öndürýän kärhanasynda hem şu günler has-da işler ýokary depginde alynyp barylýar.
Uly ösüşleri nazarlaýan ýüplük önümçiligi ýurdumyzyň dokma senagatynyň we eksport uglarynyň barha ilerlemegine giň ýol açýar. Mary welaýatynda ýerleşýän “Röwşen” hususy kärhanasynyň hemaýatkärligindäki Mary deri aýýakgap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýüplük bölüminde-de häzirki günlerde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Ýüplik bölümiň, işe başlamagyna köp wagt geçmedigem bolsa bu ýerde dokma önümçiligi üçin zerur bolan iki gat aşgarlanmadyk ýüplükleriň uly tapgyry öndürilýär. Bölümde üpjün edilen dünýäniň öňdebaryjy, hususanda Germanýa, Türkiýe hem-de Hytaý döwletleriniň belli kompanýalarynyň ýokary hilli öndürijilikli tehnikalary zähmetsöýer işçileriň gözegçiligi arkaly bökdençsiz işledilip, ýüplükleriň aýda iki ýüz elli, üç ýüz tonna barabar önümi öndürilýär. Ýurdumyzda öndürülýän ýokary hilli pagta önümçilikde çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ýerde ýerleşdirilen ýokary hilli saraýyjy enjamyň kömegi arkaly ýüplük iki gat görünüşine getirilip saralýar. Saralan ýüplükler çyglandyryjy enjama salynýar, soňra egiriji bölümine geçirilýär. Hatar goýulan egiriji enjamlar ýüplükleri egrip olary gaýtadan dükjelere saraýar. Taýýar bolan ýüplükler gaplanyp daşary döwletlere Türkiýe döwletine we Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär. Bu ýüplükler aýratynda dokma senagatynda tekistil önümleri üçin niýetlenendir. Işleri iki çalyşykda alnyp barylýan bu kärhananyň işçilerine bu ýerde işlemek üçin ähli amatlyklar döredilen. Bu ýerde ýüzden gowrak işçiler zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi ýaşlar bolup durýar. Olar özlerine döredip berilýän şeýle giň müňkünçilikler üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkdagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny we hoşallyklaryny beýan edýärler.
Azat Beglanow.








