Ajaýyp döwrümiziň ösüşli ýyllarynda ýurdumyzyň gaz senagatyny durnukly ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasaty netijesinde bu öňdebaryjy pudagyň ösüşli depgini ýylsaýyn ýokarlanýar. Täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, mawy ýangyjyň akymyny artdyrmakda ýokary görkezijiler gazanylýar.
Bu babatda biz ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Has takygy, welaýatymyzyň çägindäki gaz käninde «04» belgili ulanyş gaz guýusyndan kuwwatly gaz akymynyň alynmagy guwanç duýgusyny döretdi. Bu gaz guýusyny “Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň burawlaýjylary burawladylar. Olar 2916 metri burawlap, möhüm wezipä abraý bilen hötde geldiler. Önümli gatlagyň 2860-2858 metr aralygynda partladyş usuly arkaly tebigy gazyň akymy alyndy. Bu gaz guýusynyň gije-gündiziň dowamynda 700 müň kub metr gaz bermäge mümkinçiligi bardyr. Alynýan gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz bolmagy gaz akymynyň esasy aýratynlygydyr.








