Biziň ýurdumyz dürli ösümliklere baý. Olaryň aglabasy dermanlyk häsiýetli ösümliklerdir. Dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň her biri hakynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Bu kitapda ösümlikleriň gory, dermanlyk häsiýeti, himiki düzümi, olardan melhemleriň taýýarlanylyşy barada gymmatly ylmy maglumatlar bar.
Her bir ösümligiň dermanlyk häsiýetiniň bolmagy üçin onuň dermanlyk mukdary bolmaly. Dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan dürli melhem çaýlar, gaýnatmalar, demlemeler keselleriň öňüni almak we netijeli bejergi üçin ulanylýar.
Biziň ýurdumyzda “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby esasynda ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ençemesinden melhem çaýlar taýýarlanylyp, bir gezeklik gaplara gaplanylyp, halk köpçüligine hödürlenilýär. Her bir dermanlyk ösümligiň düzümine laýyklykda peýdaly täsiri bar. Olaryň belli bir topary nerw ulgamyny rahatlandyrýar, damarlary giňeldýär, beýleki bir topary immun ulgamyny ýokarlandyryp, ýiti ýokanjyň öňüni almaga ýardam edýär.
Nerw ulgamyny rahatlandyrýan we gan damarlaryny giňeldýän narpyz dermanlyk ösümligidir. Onuň otunda uglewodlar, efir ýagy, C, K, PP, E witaminleri, organiki turşulyklar we beýleki peýdaly maddalar saklanýar.
Narpyz gadymy döwürlerden bäri belli we meşhur bolan dermanlyk ösümligidir. Onuň dermanlyk häsiýetleri barasynda Abu Ali ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» diýen eserinde hem beýan edilýär. Ösümligiň iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde, ýürek bulanmasynda peýdalydygy beýan edilýär. Halk lukmançylygynda bu ösümligiň otundan taýýarlanylýan şiresi gakylyk goparyjy serişde hökmünde, aşgazan kesellerinde, gepatitde ulanylýar. Narpyzyň jöwheri agyryny aýryjy, antiseptik, iç sürüji serişdedir. Narpyz öýken inçe keselinde, gastritde hem ulanylýar.
Orta asyr ermeni lukmançylygynda narpyzy gipertoniki we nerw-ruhy kesellerinde ulanypdyrlar. Türkmen halk lukmançylygynda bu ösümlikden taýýarlanylýan pet we jöwher diş agyrysynda oňa çaýkamak arkaly, guragyryda, ýürek agyrsynda we bagyr kesellerinde, aşgazanyň ýarasyny bejermekde peýdalanylýar. Narpyzyň ýapragy çaý deregine işdäni gowulandyryjy, keýpiňi çaglaýjy witaminli içgi hökmünde içilýär. Ylmy lukmançylykda narpyzyň otundan taýýarlanylýan dermanlyk serişdeleri rahatlandyryjy, dykynalmany açyjy, öt bölüp çykaryjy hökmünde peýdalanylýar. Onuň ýagyndan we ýapragyndan köp mukdarda dermanlyk serişdeler (walidol, burna damdyrylýan derman we başgalar) alynýar we toplumlaýyn bejeriş serişdelerine goşulýar.
Ýene bir peýdaly ösümlikleriň biri buýan dermanlyk ösümligi bolsa immun ulgamyny ýokarlandyryp, wiruslara garşy durnuklylygy üpjün edýär. Bu dermanlyk ösümligi barada Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň I jiltinde giň ylmy maglumat berilýär. Buýan kökünde dürli witaminler we peýdaly maddalar saklanýar. Buýan köki ylmy hem-de halk lukmançylygynda adamyň içindäki ýaraly kesellerde, üsgülewükde, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onkibarmak içegäniň sökelliklerinde, sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýär.
Ýurdumyzda hereket edýän saglyk öýleriniň, şypahanalaryň düzüminde fito otaglar hereket edýärler. Fitootaglaryň lukmanlary ýüz tutýan raýatlara kesel kesgitlemesine laýyklykda dermanlyk ösümliklerden degişli çaýlary belleýärler. Bu melhem çaýlary her bir raýat ýurdumyzda hereket edýän dermanhanalardan satyn alyp biler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatymyzyň saglygyny berkitmäge döredip berýän ähli amatly şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Amanberdi TAGANGYLYJOW.








