Diýarymyzy uly şatlyk –şowhuna besläp gelýän Täze ýyl baýramyny Mary welaýatynyň işewür telekeçileri uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň we birleşmäniň Mary welaýat bölüminiň bilelikde gurnamagynda geçirlen baýramçylyk dabarasy hem aýdym – sazyň göwün joşduryjy owazyna beslendi. Täze ýyl mynasybetli Mary şäherindäki “Bagt köşk” dabaralar merkezinde “Täze ýylyň şatlygy – döwrüň bagtyýarlygy” atly geçirlen dabara welaýatyň çäginde ýerleşýän hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň işjeň agzalary, hususy ulgamda zähmet çekýän işewür telekeçiler gatnaşdylar. Hemmelere şatlyk paýlap gelýän täze ýyl mynasybetli geçirlen çärede baýramçylyk gutlaglary ýaňlanyp, bir-birege ýetip gelýän täze 2026 –njy ýylda uly üstünlikler arzuw edildi. Dabaralar merkeziniň täze ýyl öwüşginleri, owadan arçalar bilen bezelmegi baýramçylyk şowhunyna hasam öwüşgin çaýdy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, estrada aýdymçylarynyň , döwrebap tans toparlarynyň täze ýyl baýramçylygy mynasybetli taýýarlan aýdym –sazly çykyşlary dabara gatnaşýan adamlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyryp , toý şatlygyny hasam artdyrdy. Kalplara ylham berip , göwünleri joşa getirýän çykyşlarda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy ösüşleriň batly gadamlary bilen öňe alyp barýan rowaç işleri, maşgala ojaklaryna bagt - rysgal paýlap gelýän täze ýyl baýramy ,”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ” ýylynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler joşgunly wasp edildi. Täze ýyl mynasybetli geçirlen dabara gatnaşan işewür telekeçiler hususy ulgamy ösdürmek barada amala aşyrýan il- ýurt bähbitli işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çarymuhammet Saparow.








