Mary şäheriniň maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiber howpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebinde Mary welaýatynyň bilim işgärleriniň täze, 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlanan awgust usuly-amaly okuwlary geçirildi.Oňa welaýatyň orta mekdepleriniň öňdebaryjy pedagogik işgärleri gatnaşdylar. Usuly-amaly okuwlarda Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Milli bilim instituty tarapyndan hödürlenen temalar boýunça çykyşlar diňlenildi. Okuwlarda Watanmyzyň geljegi bolan ýaşlary çuňňur bilimli,giň dünýägaraýyşly,sanly ulgamdan oňat baş çykarýan nesiller edip ýetişdirmekde 2026-2027-nji okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alyp maslahatlaşyldy.
Sapardurdy Ýaýlymow.








