Äleme şugla saçyp, täze ýyl bosagadan ätledi. Bedew at deýin dabyrap gelen bu ýylda halkymyz has hem belent sepgitlere ýetmegi kalbynda besleýär. Bu şeýle bolaram. Çünki halkymyz bedew ata sarpa goýup, ony aýratyn ezizleýär. Şeýle bolansoň, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgawy derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu ýyl aýratyn şan-şöhrata beslener.
Ýurdumyzda bilim ulgamyna bimöçber uly üns berilýär. “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesle döwrebap bilim, terbiýe bermek işi ýokary derejede guralýar. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Biz munuň hakykatdan hem şeýledigine öz mekdebimiziň mysalynda hem göz ýetirýäris. Biz mekdepde kärdeşlerimiz bilen özara tejribe alşyp işlemek bilen, gowy görkezijilere eýe bolýarys. Okuwçylarymyzyň dürli ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolmaklary biziň zähmetimiziň ýerine düşýändigini görkezýär.
Bizi şeýle ruhubelent ýagdaýda işlemek bagtyna eýe eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Arzuw ORAZLYÝEWA.








