Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny düýpli ösdürmek we edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen daşary döwletlerden kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ýurdumyzyň Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Mary welaýat häkimliginiň Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşigine Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alyp beren ,,Zoomlion” kysymly awtoulaglarynyň we beýleki tehnikalaryň uly topary gelip gowuşmagy Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlaryna dünýäniň ösen döwletlerinde öndürilen täze tehnologiýaly enjamlary, innowasiýalary ornaşdyryp, şol ulgamlaryň edara – kärhanalarynyň tehniki binýady täzelenýär. Täze tehnikalaryň gelip gowuşmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş – durmuş derejelerini ýokarlandyrmakda amala aşyrýan il – ýurt bähbitli işleriniň aýdyň netijesidir. Täze ýokary basyşly lagym sorujy ulgamlary arassalaýjy, zeý suw sorujy, süpüriji, ýuwujy, zir – zibil gapdalyndan ýükleýji, konteýnerli zir – zibil daşaýan awtoulaglar, ýol ýuwujy – süpüriji kiçi awtoulaglar, ýük göteriji, suw daşaýjy we ýol ýuwujy, gidrogaldyryjy, göteriji enjamly ýol ýuwujy, göçme ussahana awtoulaglar, awtobuslar, ýükleýji ekskowatorlar, öň tarapyndan ýükleýji traktorlar, tekerli ekskowatorlar, aýratyn dakylýan enjamlar Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işgärlerine işleri ýokary derejede guramaklyga ýardam eder. Welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşigine gelip gowşan täze awtoulaglary türkmen halkymyzyň asyrlardan aşyp gelýän üzärlik tütetmek, un sepmek we alaja daňmak ýaly ajaýyp däp-dessurlaryna eýerilip, ýagşy dileg – arzuwlar bilen garşyladylar. Welaýatyň il sylagly ýaşulylary bu täze awtoulaglary sowgat beren Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň rowaç işleriniň üstünliklere beslenmegini beýik biribardan dileg etdiler. Dünýä ölçegleriniň derejesinde öndürilen bu kämil, ýöriteleşdirilen awtoulaglar welaýatyň ilatyna Jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramaklyga, welaýatyň şäherleriniň, şäherçeleriniň abadançylygyny has-da gowulandyrmaklyga niýetlenilendir. Gelip gowşan täze awtoulaglar ozaldan bar bolan tehnikalaryň üstüni ýetirdi. Şu kuwwatly hem-de ýokary öndürijilikli awtoulaglaryň iň tejribeli sürüjilere berkidilmegi bu gymmatly mehanizmleriň aýawly hem netijeli peýdalanylyp, uzak möhletleýin hyzmat etmegini üpjün eder. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň her bir gününi zähmet üstünliklerine besleýän Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem-de Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň işgärleri täze taryhy eýýamda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda, edara-kärhanalaryň tehniki binýadyny pugtalandyrmakda alyp barýan döwlet bähbitli işleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Toýmyrat Gurbanow.








