Günlerde bir gün guşlaryň arasynda “Iň owadan, iň şirin sesli guş haýsymyz?” diýen jedel gidýär. Onsoň guşlaryň hemmesi bir ýere jemlenmeli edilýär. Guşlar bellenilen ýere gelýärler. Olar ýeke-ýekeden özüni mahabatlandyryp başlaýar. Gezek tawusa ýetýär, ähli guşlar oňa gözügidijilik bilen seredýärler. Tawus ganatlaryny kakyp, her dürlüje hereket edýär, özüniň owadanlygyna buýsanyp, şeýle diýýär: “Gowusy näme baýrak berjek bolsaňyz maňa beriň! Menden görklüňiz ýok, sesim hem owadan”. Guşlar:
— Ýok, munyň bolmaz, sesiňem eşidip göreli, şonda adalatly bolar — diýýärler. Tawus guşy bolmajagyny bilse-de, ardynjyrap, saýramaga başlaýar. Ondan şeýle bir ses çykýar welin, ýanynda duranlar özlerini nirä urjaklaryny bilmeýärler.
Şeýlelikde, guşlar tawusuň ýakymsyz sesini eşidip: “Asyl, seniň sesiň daşky görnüşiňe görä däl eken-ä” diýşip, geňgalyjylyk bilen seredişýärler. Tawus guşy utanyp, özüniň tekepbirlik edip, öte geçenine düşünýär we ýuwaşlyk bilen guşlaryň ýanyndan garasyny saýlaýar. Ine, şu wakadan soň tawus guşy hiç kimiň ýok ýerinde saýrap başlapdyr.
Adamlaryň arasynda hem edil tawus guşy ýalylaryna duş gelmek bolýar. Adamyň daşky keşbi ýaly, içki dünýäsi-de owadan bolmalydyr.
Ýazjemal JEPBAROWA.








