Dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, parahatsöýüjiligiň baýramy bolan Hemişelik Bitaraplygmyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny agzybir türkmen halkymyz bilen bilelikde biziň ýurdumyzda ýaşaýan dostlukly ýurtlaryň wekilleri hem giňden belleýärler. Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde ýaşaýan ermeni doganlyk maşgalasy hem toý desterhanyny giňden ýazyp, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen baýramçylyk belläp, özleriniň milli däp-dessurlaryny giňden açyp görkezdiler. Baýramçylyk gününde birek-birege duz-çörek hödür edilip, ýagşy-arzuw niýetler dileg edildi. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň goldawlary netijesinde daşary ýurtly wekiller ajaýyp zamanamyzyň hözürini görüp bagtyň we bagtyýarlygyň gujagynda ýaşaýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu agzybir doganlyk maşgalanyň baýramçylyk gününde şeýle ajaýyp zamanany peşgeş edenligi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir.
Dursun Ilbegiýewa.








