“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at myradyň mekany” ýylynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym bilim ulgamy hem barha ösýär, kämilleşýär. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegi işjeňleşdirmek, döwrebap bilimli, ylymly, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji, edepli-terbiýeli ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we başarnyklaryny ösdürmek, tebigy zehinini açmak, olary ylmy barlaglary geçirmäge höweslendirmek hem-de hünärlere gönükdirmek babatda alnyp barylmaly işlerde bilim işgärlerine örän möhüm wezipeler degişli bolup durýar. Mary welaýat “türkmen tebigaty” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi hem çagalaryň okuwdan boş wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin şeýle hem ýaş neslimize ekologiýany goramagyň wajypdygynyň ähmiýetini öwretmekde okuw sapaklaryny yzygiderli geçirýär. Mary welaýat baş bilim müdirliginiň gurnamagynda hem “Türkmen tebigaty” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagy okuwçylarda örän ýakymly täsir galdyrdy. Okuw sapagynda çagalar özleriniň wagtlaryny hem gyzykly geçidiler hemde öz bilimlerini hasda artdylar. Şeýle hem bu sapakda çagalar dürli tohumlardan we günebakar çigidinden güliň şekilleri her hili haýwanjyklaryň şekillerini ýasap öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler.Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýolyny mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza okuw sapagyna gatnaşan çagalar we mugallymlary köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Göwher Ataýewa.








