Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň “2025 – 2026 –njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagyny guramaçylykly geçirmek hakynda” buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda bolşy ýaly, Mary welaýatynyň Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde hem 2025 – 2026 – njy okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany ” ady bilen geçirildi. Ilkinji okuw sapagynda mugallymlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, halkymyzy döwletimiziň hemişelik Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň giňden belleniljek 2026 –njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Dünýä ýüzüni haýrana goýýan ahal-teke bedewlerimize Berkarar Watanymyzda goýulýan hormatyň belentdigini aýratyn bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda mynasyp ösüşleriň gazanylýandygy, belent sepgitlere ýetilýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň has-da ýokarlanýandygy barada ilkinji sapakda buýsançly gürrüňler edildi.
Toýmyrat Gurbanow.








