Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Mary welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamagynda Baýramaly şäherindäki medeniýet öýünde geçirilen maslahat hem çuň mana eýe boldy. Nurana ýüzli eneleriň we bilim, saglyk, medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän zenanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda Berkarar döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda enelerimize, zenanlarymyza goýulýan hormat-sarpa dogrusynda bellenilip, jemgyýetimizde sagdyn maşgalany kemala getirmekde, milli ýol-ýörelgelerimize esaslanyp ahlak taýdan arassa, terbiýeli, bilimli ýaşlary ösdürip ýetişdirmekde zenanlarymyza uly ornuň degişli bolup durýanlygy aýratyn nygtaldy. Bu ýerde çykyş edenler halkymyzy bolelin durmuşda ýaşadýan, ajaýyp döwrümizde zenanlarymyza uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçirilen bu maslahata gatnaşanlar soňra Baýramaly etrabynyň çägindäki ,,Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasynda ýerleşýän ýadygärlikler toplumyna hem aýlanyp gördiler. Bu ýerdäki gadymy binalaryň döreýiş we gurluş aýratynlyklary baradaky täsirli maglumatlar zenanlarda taryhymyza bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.
Merjen Çaryýarowa.








