Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabryndan 30-njy sentýabr aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy - ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäginde dürli çäreler guramaçylykly geçirilýär. Bu bir aýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça Mary welaýatynyň ähli etrapdyr-şäherlerinde, edara – kärhanalarynda, okuw jaýlarynda wagyz-nesihat çäreleri, okuw sapaklary geçirilýär. Ýörite düzülen iş meýilnama esasynda geçirilýän çärelere welaýatyň kiçi ýaşly çagalaryndan başlap, ýaşuly nesliň wekillerine çenli uly ruhubelentlikde gatnaşýarlar.
Köçelerde we ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda gözegçilik güýçlendirilip, wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle guramaçylykly wagyz-nesihat çäresi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça yglan edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygyny – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde welaýat polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullygynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleriniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň ýollarda awtoulaglar we pyýadalar bilen hereketiň sazlaşygyny giňden beýan edýän we howpsuz hereketi ündeýän şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakda alyp barýan belent maksatly işleri dogrusynda çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle-de bu ýerde çykyş edenler ýaşlaryň ahlak taýdan arassa, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil bolup jemgyýetimize gerekli, watanymyza, Hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerini nygtadylar.
Göwher ATAÝEWA.