Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäginde Mary welaýat halk maslahatynyň, Türkmenistanyň Demokratik hem-de Agrar partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi. “Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi – ýetilen sepgitler, giň mümkinçilikler, geljekki ugurlar” atly bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda taryha altyn harplar bilen ýazyljak bu wakanyň ilkinji nobatda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli başlangyçlary netijesinde Watanymyzyň ösüşleri dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň durmuşyndaky syýasy ähmiýetli bu waka ata – babalarymyzdan miras galan ýörelgämiz bolup, milli demokratiýamyzyň täze many – mazmun bilen baýlaşdyrylmagydyr – diýip duşuşykda çykyş edenler bellediler.
Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halknyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Toýly GURBANOW.