Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 2026-njy ýylyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli syýasy, medeni-köpçülik dabaralar geçirilýär. Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Mary welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, Mary welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýip yglan edilmeginiň syýasy, taryhy, ykdysady ähmiýetine bagyşlanan “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: özbaşdak ösüşiň nusgalyk ýoly” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahat duşuşygyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, saglygy goraýyş müdirliginiň welaýat, şäher, etrap guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň ahyrynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.








