Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde ýurdumyzda taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmäge hem-de olary gorap saklamaga uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň şöhratly geçmiş taryhyny özünde jemleýän bu ýadygärlikler aýratynam mekdep okuwçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günlerinde Mary welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Baýramaly etrap bilim bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda mekdep okuwçylary “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýän ýadygärliklere gezelenç etdiler. Olar gezelenjiň dowamynda bu ýerde bar bolan gadymy galalara aýlanyp gördüler we taryh sapagyndan alan bilimlerini has-da çuňlaşdyrdylar. Özboluşly binagärlik keşpleri bilen biri-birinden tapawutlanýan bu gadymy ymaratlaryň mizemän, şu günlere çenli saklanyp galandyklary baradaky gürrüňler okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýadygärlikleriň döreýiş taryhy mekdep okuwçylarynda ýatdan çykmajak täsirler galdyryp, olaryň şöhratly taryhymyza bolan buýsanjyny has-da artdyrdy.
Toýmyrat Gurbanow.








