Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimiz we sungatymyz barha özgerýär we ösdürilýär. Taryhymyzy watandaşlarymyza we ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Mary welaýatyň Türkmen döwlet Energetika institutynyň gurnamagynda Energetika institutynyň talyplary bilen “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärliklerinde gezelençde boldylar. Gezelenjiň dowamynda ýaşlara bu gadymy taryhy ýadygärliklerimiziň döreýşi, onda ýerleşýän “Soltan-Sanjaryň” kümmetiniň we “Gyzlar” galasynyň hem-de “Erik”galasynyň gurluş aýratynlyklary dogrusynda täsirli gürrüňler berildi. Şeýle hem bu ýadygärliklerde taryhy we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça alnyp barylýan işleri barada hem giňişleýin maglumat berildi. Talyp ýaşlar aýlanyp taryhy geçmişimiziň we tebigatyň täsin gözellikleri bilen ýakyndan tanyş boldylar. Ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesiller täsirli gezelenjiň dowamynda özleriniň gyzyklanýan soraglaryna takyk jogap tapdylar.
Maýa Annameredowa.








