«Taksi” sözüniň döreýiş taryhy örän gyzyklydyr. Sebäbi, bu sözüň özi awtoulag bilen hiç hili baglanyşykly bolman, ol gezelenjiň nyrhyny ölçeýji gural dogrusyndadyr.
1891-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Wilgelm Brun atly paýtuna münen ýolagçynyň geçen ýolunyň dogry tölegini awtomatik usul arkaly bilmek üçin enjam döredipdir. Şol ölçeýji guraly hem «taksometr” (taxameter) diýip atlandyrypdyr. Bu ölçeýji gural iki adyň goşulmagyndan döräpdir.
«Taxa” gadymy grekleriň «taxis” sözünden bolup, ol «töleg, salgyt, gümrük salgydy» manysyndadyr.
“Meter” grekleriň «metron” sözünden bolup, «ölçemek, ölçeýji” diýen manyny aňladýar.
Şeýlelikde, «taksometr”, sözi «tölegi ölçeýji” diýmegi aňladypdyr.
XX asyryň başlarynda Parižiň hem-de Londonyň köçelerinde atly paýtunlar awtomobil ulaglary bilen çalşylypdyr. Şol awtoulaglarda bolsa ölçeýji gurallar goýlupdyr. Olar Pariž şäherinde «taximetre”, Russiýada bolsa «тakcoмoтop” diýlip atlandyrylypdyr.
1907-nji ýylda amerikaly telekeçi Garri Allen Fransiýadan ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine 600 sany awtomobili satyn alyp getirýär. Şondan soňra ol fransuzlaryň «taximetre” sözi bilen iňlisleriň «cab ekipaž” (bu ýerde paýtun manysynda) sözlerini birleşdirip «taxicab” diýip atlandyrypdyr. Soňlugy bilen bolsa «taxicab” sözüniň ikinji bölegi galdyrylyp, dünýä halklarynyň agramly böleginiň dilinde «taksi” sözi ulanylyp başlanypdyr.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.








