Döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseläni hemişe üns merkezinde saklap, bu wajyp meseläniň çözgüdine gönükdirilen wezipeleri öňde goýýar. Şu wezipeleriň durmuşa geçirilmegi zerur harajatlary we ýadawsyz aladalary talap edýär. Sebäbi, arassa agyz suwy bellenilen kada laýyk getirilip, sarp edijilere ýetirilýänçä köp çykdajy edilip, irginsiz zähmet çekilýär. Bu ýagdaýy nygtamak bilen, biz arassa agyz suwundan tygşytly peýdalanmagy nygtamakçy bolýarys.
Müdirligimiziň zähmetsöýer adamlary welaýat merkezimiziň ilatyny we edara-kärhanalaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Bu wezipäniň jogapkärçiligi hemişe ýokary bolmagynda galýar. Sebäbi, suw gündelik sarp edilip, bu babatda bökdençlik kanuny nägileligi öňe çykarýar. Şonuň üçinem müdirligimiziň işçileri suw arassalaýjy desgalaryň, olardaky enjamlaryň we suw geçirijileriň üznüksiz işlemegini gazanmakda ýadawsyz aladalanýarlar. Şol bir wagtda biz sarp edijilere arassa agyz suwundan tygşytly peýdalanmaklaryny düşündirmeklige-de uly üns berýäris.
Çary ABDYRAHMANOW.