Üç dost uly agajyň goýry kölegesinde gyzykly söhbet edýärdi. Olaryň söhbediniň soňy ynsan üçin geçmişiň, häzirki döwrüň we geljegiň haýsysynyň wajypdygy hakdaky jedele ýazdy.
Olaryň biri:
— Geçmişim meniň şu günki barlygymy emele getirýär. Geçmişde öwrenenlerimi häzirki günde başarýaryn. Şol sebäpli maňa geçmişde halanlarym ýa-da olara çalymdaş adamlar ýaraýar — diýipdir.
— Bu diýýäniň bilen ylalaşmak mümkin däl — diýip, beýleki biri oňa garşy çykypdyr. — Ynsany geljegi emele getirýär. Meniň üçin häzirki wagtda bilýänlerim esasy zat däl. Men özüme diňe geljekde zerur bolaýjak zatlary öwrenerin. Meniň indiki hereketlerim geçmişde nähili bolandygyma däl-de, geljekde nähili boljakdygyma bagly. Maňa bolsa öňden bilýänlerime meňzeş bolmadyk adamlar ýaraýar.
— Siz geçmişiň-de, geljegiň-de diňe biziň hyýalymyzda ýaşaýandygyny unutdyňyz — diýip, dostlaryň üçünjisi öz garaýşyny beýan edipdir. — Sebäbi, geçmiş bizi bireýýäm terk etdi, geljek bolsa heniz gelenok. Geçmişi ýatlaýandygyňyza ýa-da geljegi arzuw edýändigiňize garamazdan, siz diňe häzirki wagtda hereket edýärsiňiz. Şol sebäpli üç düşünjäniň arasynda şu günki gün esasydyr.
Taýýarlan Gyzylgül BERDIÝEWA.








