Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlary sporta çekmekde giň mümkinçilikler döredilýär.
Şol mümkinçiliklerden peýdalanýan ýaşlar bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny ösdürmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle sporta höwesek ýaşlaryň biri-de Baýramaly şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Agajan Esenowdyr.
Agajan erkin göreşe aýratyn üns berýär. Ol bäş ýaşyndan bäri Baýramaly şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň ussat tälimçisi Atajan Mämmedowdan tälim alýar. A. Esenow häzirki wagta çenli etrap, şäher, welaýat, döwlet derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda öz ussatlygyny görkezip, Hormat hatlarynyň 18-sine, on dört kümüş hem-de iki bürünç medallara mynasyp boldy. Ýaşajyk türgeniň şeýle üstünlikleri diňe bir özüni däl, eýsem, mugallymlaryny, tälimçilerini, ene-atasyny hem guwandyrýar.








