Ilkinji mekdebe baran günümden,
Taňry salamyny Sizden öwrendim.
Mähir bilen tutup çaga golumdan,
Galamy tutmany Sizden öwrendim.
Säher bilen turup işe gitmegi,
Ene-ataň sarpasyny tutmagy,
Halal ýaşap, dogry ýoldan ätmegi,
Hormatly mugallym, Sizden öwrendim.
Ýagşyny ýamandan saýlap bilmegi,
Durmuşda dogryňy sözläp bilmegi,
Kişiniň aýbyny gizläp bilmegi,
Eziz mugallymym, Sizden öwrendim.
“Dek gezen dok gezer” diýen nakyly
Men sizden alypdym mydam akyly,
Köp aýdypdyň şolar ýaly nakyly,
Edepli bolmagy Sizden öwrendim.
Bütin ömrüm okamany goýmaryn,
Ylym berdiň, nesihatdan doýmaryn,
Bu günki işimi ertä goýmaryn,
Işläp ýaşamany, Sizden öwrendim.
Gandym SÄHEDOW.