Säheriň täsin gözelligini, şäheriň özboluşly başagaýlygyny synlap duralgada durun. Ýolagçylary gatnadyp ýören awtobuslar duralga gelip-gidip dur. Ynha-da, meniň garaşyp duran awtobusym hem geldi. Men awtobusa mündüm-de boş orunlaryň birine geçip oturdym.Ýolugra şäheriň gözelligini synladym. Howa-da, diýseň, ajaýyp. Awtobusyň açyk aýnasyndan ýüzüňi sypalap geçýän güýzüň şemaly juda mylaýym. Ol baglaryň şahalaryny yralap, saralan ýapraklary kowalap hezil edýär. Garagol şemal gijesini, gündizini bilenok. Ol ýapraklary nirädir bir ýerlere uçuryp alyp gidýär. Güýzüň altyn köýnegini geýen tebigat bolsa, hiç wagt soňlanmajak gözelligi ýatladyp dur. Men tebigatyň dünýämize bagyş eden gözelligini synlap, maýyl bolup barşyma awtobusyň radiosynda ýaňlanan aýdyma gulagymy gerdim:
Ezizim, men saňa duşanym üçin,
Saňa çenli ýoly aşanym üçin,
Säherde, iňrikde joşanym üçin,
Meni bagyşla, bagyşla!
Erkimi, erkiňe baglanym üçin,
Howaly göwnüňi awlanym üçin,
Yşgyň alawynda çaglanym üçin,
Meni bagyşla, bagyşla!
Bu setirleri diňläp, men senli ýatlamalaryň gujagyna doldum. Men saňa ilkinji duşan günümden häzire çenli ýekeje pursady hem ýatdan çykarman göz öňüme getirdim. Sen meniň üçin juda mähriban, juda eziz. Eziz görülýän zatlar bolsa, gadyrly, arzyly bolýar. Sen hem meniň ýüregimiň arzylanysyň. Elbetde, durmuşda öz pikirdeşiňi, ýürekdeşiňi, duýgudaş adamyňy tapmak kyn. Sen bolsa şol ajaýyp häsiýetleri özüňde jemläp ýüregimiň hem ýüreginde orun alan bagtymsyň.
Meniň ýüregimde yşk bar,
Ony ölçerip görsene!
Sensiz maňa bu dünýe dar,
Dünýäňden dünýe bersene!
Ömrüňden ömür dilämok,
Duýgularyň paýlaşsana!
Gussanyň-da mazary bar,
Gussalarym jaýlaşsana!
Bilýäňmi, men saňa duşup bir zadymy ýitiren ýaly boldum. Seredip otursam, ol meniň ýüregim ekeni. Meniň ýüregim sende. Men saňa ýüregimi aldyrypdyryn. Onuň orny bolsa, yşk, söýgi diýlen zatdan lemmerlenip dur. Sen kalbyma gözellik çaýdyň. Hiç haçan gutarmajak arzuw, öçmejek umyt berdiň. Men söýgi diýlen zadyň bardygyna düşündim. Söýgi ynsany ýaşadýar, bagt berýär.
Men seniň yşkdan doly umman ýaly gözleriňi boýlasym gelýär. Ol gözleriň maňa näzikden dogumly, dogruçyl we duýguçyl ýüregiňi salgy berýär. Saňa ýarym diýesim gelýär. Ýarym diýmek bolsa bedeniň hem kalbyň ýary diýmekdir...
Ynsanlary arzuw, umyt, geljek diýen zatlar ýaşadyp ýör. Durmuş bolsa öz akymy bilen akyp barýar. Men şol özboluşly akymyň öwrümlerinde saňa duşdum. Dünýä belli alymlaryň biriniň belleýşi ýaly: «Hemme zat gowy geçip barýar, ýöne olar deňimizden geçýär». Bu setirlerde uly many ýatyr. Ynsan ýüregi bolsa mähre, mähribanlyga, gözellige, ýaşaýşa mätäç...
Senli hyýallaryň deňzinde küreksiz ýüzüp ýörşüme bir aýdymyň şeýleräk setirleri dilime geldi:
Sen aman bol dünýede,
Çytma, janym, gaşlaryň!
Senden ýeke haýyşym,
Käte menem ýatlagyn...
Aýparça AKYMOWA.








