Sarpasy belent gerçekler
weather mary 38° C Mary
weather mary 38° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Sarpasy belent gerçekler

10 09.05.2026

    2026-njy ýyly “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanyp  “Sarpasy belent gerçekler” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu medeni çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň agzalary, medeniýet işgärleri, we talyp ýaşlar gatnaşdylar. 1941-1945-nji ýyllardaky Watançylyk urşuna gatnaşyp, janyny orta goýup söweşen,  gaýduwsyzlygyň we mertligiň beýik nusgasyny görkezen, uruş weteranlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle hem bütin türkmen halkymyzy Ýeňiş güni mynasybetli gutladylar.  Bu sergide Beýik ýeňişi tarypyny ýetirip Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

Suwhan Kulyýew.

8
8 14.05.2026
Ýeňişli  ýollaryň  köp  bolsun, jeýhun!

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerýän türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, eziz Watanymyzyň ezber ussatlary bolup ýetişýärler. Şol ussatlaryň hatarynda ýaşlaryň hem bolmagy bizi örän buýsandyrýar.  Mary şäherindäki 21-nji orta mekdepde bilim-terbiýe alýan Jeýhun Orazmämmedow  hem çagalykdan sportuň ussady bolmagy arzuw edýär we sport bilen meşgullanyp başlaýar. Şeýlelikde, ol 2-nji synpda Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebine gatnap, ussat tälimçi Abdy Abdyýewiň elinde sportuň taekwon-do (WT) görnüşi boýunça tälim alýar. Jeýhun ýaşlygyna garamazdan,  welaýat we döwlet derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlaryna we Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşyp, birnäçe gezek welaýatymyzyň hem-de ýurdumyzyň çempiony boldy. Oňa 2023-nji ýylda sportuň taekwon-do (WT) görnüşi boýunça ulularyň I we 2025-nji ýylda sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça ulularyň II sport derejeleriniň berilmegi ony täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ýaş türgen Jeýhun Orazmämmedow 2025-nji ýyldan bäri Mary şäherindäki 4-nji, 8-nji  sport mekdeplerine, sportuň taekwon-do (ITF) görnüşi boýunça türgenleşige gatnap, şäherdäki 4-nji sport mekdebiniň halypa tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň, 8-nji sport mekdebiniň tälimçisi Mähri Agaýewanyň goldawy bilen onuň sportda ussatlygy artyp başlaýar. Ol her ýylda sportuň taekwon-do (WT), (WTF) we (ITF) görnüşlerinde geçirilýän ýaryşlarda öz agramynda şowly çykyş edip, 1-2-nji orunlary eýeläp gelýär we Türkmenistanyň kubogyna, birnäçe medallara, diplomlara we Hormat hatlaryna mynasyp bolýar.  “Yhlasa — myrat” diýlişi ýaly, ýaşlykdan özüniň erjelligi bilen ýeňşe tarap ynamly gadam urýan Jeýhunyň çagalykdaky arzuwy, sporta bolan söýgüsi ony uly ýeňişlere ýetirýär. Geçen ýylyň dowamynda we üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinde ençeme gezek Türkmenistanyň taekwon-do (ITF) Milli merkeziniň synaglaryndan geçip, gara guşaga hödürlenilmegi onuň sportdaky başarjaňlygyny subut edýär. Häzirki wagtda şäherdäki 21-nji orta mekdebiň 12-nji synpynyň iň göreldeli okuwçysy, ýaş taekwon-doçy Jeýhun Orazmämmedow okuwdan boş wagtlaryny diňe türgenleşikde geçirýär. Biz hem çagalykdan sportuň ussady bolmagy maksat edinen Jeýhun jigimize mundan beýläk-de üstünlikli we ýeňişli ýollarynyň köp bolmagyny arzuw edýäris.  Goý, geljekde-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterjek ýaşlaryň sany köp bolsun! Bahargül MEJIDOWA.  

12
12 14.05.2026
Inji

Jigim Şadidara dil bitip ugran uçurlary babamlara gezmäge bardyk. Agylyň içi ikiýana dars ýasaýan owlak-guzudan doludy. Olary görüp sypalasymyz, oýnasymyz geldi. Babam bizi synlap durşuna: «Bäbejikkäňiz barmagyňyzy soranyňyzda: “Inji berjek” diýip söz edipdim. Saýlaň, şu owlak-guzulardan halanyňyzy. Onsoň siz-ä mally bolarsyňyz, menem bergiden çykaryn» diýdi. «Seňki» diýilýän zat süýji bolýar-da. Inji sözüne düşünmesegem, herimiz bir owlajygy goltukladyk. Mamam aýtmyşlaýyn, gumlularyň gadymdan gelýän däbine görä, gezmäge gelen agtyk babasyna bakyp, barmagyny sorsa “inji dileýär” diýlip yrym edilipdir. Babasy: «Agtygym barly bolsun, barmagyny boş sormasyn, gaýmak alyp, ýag ýalasyn!» diýen ýagşy niýet bilen, gyzyndan bolan agtygyna, çaganyň öz islegi bilen saýlamagyna görä, inji göle, köşek, owlak-guzy sowgat beripdir. Inji berlen mal tä şol çaga ulalyp nika toýuny tutýança daýylary tarapyndan saklanylyp, bakylyp, köpeldilip gezilipdir. “Köpelip, köl bolup, toýa ýarasyn!» diýilýän, inji maly her zeýilli zerurlyk çyksa-da, ýagdaýy bolsa satylmandyr. Eger çaga oglanlyk edip, erkek maly inji saýlasa, mal ulalansoň köpelýän injä çalşylypdyr. “Inji maly agtygyňky” diýlip kän bir «şahyna kakylman» saklanypdyr. Erkin saklanan mal dogumlyja bolsa-da, agras bolsa-da: “Mal eýesine çekmese şumluk. Tüweleme, eýesine çekipdir” diýip guwanypdyrlar. Hamrak türkmeniň agtygyna inji bermek dessuryna biziň günlerimizde-de, seýregrägem bolsa, gum obalarynda duşmak bolýar. Owadangözel ÝUSUBOWA.  

8
8 14.05.2026
Hemra wäşiniň degişmeleri

Bu nähili adam? Edara jaýynyň öňündäki oturgyçda iki sany işdeş ýoldaş özara gürrüňleşip otyr. Şol barmana üç-dört sany işgär edara jaýyndan çykyp, oturanlara tarap ýönelýär. Oturanlaryň biri onuň-munuň gybatyny edip, adama göwni ýetmän ýörensoň, gelýänlere seredip: — Ana, şu gelýänleriň biri gysganç, biri ulumsy, ol biri sözünde durmaýan, gyradan gelýän bolsa gybatkeş — diýip, ýoldaşyna gürrüň berýär. Edil şol wagt edaranyň ýolbaşçysy görünýär. Ýoldaşy gybat edýäne: — Bu nähili adam? — diýip soraýar. Ýaňky kişi: — Aý, dost, gel şu gürrüňi goýaly-la — diýip, bu ýerden gitmek bilen boluberipdir. Ýerine düşen jogap Hemra oglunyň eden telek işine gahary gelip: — Haý, peläket diýsänim! Şeýle telek iş eder ýaly seniň akylyň nirede? Kellesiz, garagol — diýip käýinipdir. Ogly kellesine elini ýetiripdir-de: — Kaka, maňa «kellesiz” diýdiň welin, kelläm-ä ýerinde dur ekeni? — diýip, Hemrany güldürip goýberipdir. Toplan  Hydyrguly GURBANOW.  

10
10 14.05.2026
Obada  eşiden  gürrüňlerimden

“Ylmyň açary sowaldyr, soraň!” diýenler. Ýalmawuz — süýji keseli. Ýylanyň ýumurtgasyny towugyň aşagynda goýanyň bilen jüýje çykmaz. Gorkup sakaw bolýan bar, gep yzarlama! Alymy diňle, alym bolarsyň. Ynanjaňlyk samsyklygyň bir görnüşi. Ösümlik ekeni tanaýar, olar öz dillerinde gepleşýärlermiş. Birinjim — bagtym, ikinjim — derdim. Ejäniň ýogundan hassa ýatanam gowy eken. Ýüregi bir kişi Ýemende bolsa-da geler. Bu dünýäde ýeke dostum bar, meni taşlanok. Ol — göwnüm. Dostuň bilen oýun etme! Gatygyň ýagyny alansoňlar geçiniň hamyndan edilen tuluma guýýarlar, süzülip suwy çykýar, çekizesi galýar. Geçiliniň baýanyny goňşusy bilmez. Düýe boşansa, daş bolsa-da, botlan ýerine barýarmyş. Planeta — azaşan ýyldyz. Ýarnaçy bolmasaň baýamarsyň. Ýaş ýorunja bilen ýaş mekgejöwen sygry çişirýär. Toplan  Esenmyrat BERDINAZAROW.  

10
10 14.05.2026
Gözel (Aýdym)

Gül suwundan ýasalan, Mahy-taban senmidiň? Derdime derman bolan, Arzu-lukman senmidiň? Gyzlaryň hüýri, gözel, Hüýrleriň piri, gözel. Özge ýary islemen, Bolsam men diri, gözel. Bulaklar akar gider, Jerenler böker gider. Ýar geçende uz basyp, Gül ysyn döker gider. Sensiz jigerim dagly, Gözleri nur-çyragly. Zorum ýok, gyz, zarym bar, Gül ömrüm saňa bagly. Täşli GURBANOW.  

21
21 14.05.2026
Haýsy  reňki  halaýarsyňyz?

Gyzyl reňki halaýanlar açyk göwünli, zähmetsöýer, işeňňir bolýarlar. Elmydama özüne tabşyrylan ýumşy birkemsiz ýerine ýetirmäge çalyşýarlar we adamlara eden ýagşylyklaryndan tükeniksiz lezzet alýarlar. Sary reňki halaýanlar mähriban bolýarlar. Günüň ýylylyk paýlaýşy ýaly, bu reňki halaýanlar hem töweregindäkileri ýyly mähri bilen gurşap alýarlar. Okamagy, ylym-bilim almagy, diýseň, halaýarlar. Ýaşyl reňki halaýanlar dogumly bolýarlar. Olaryň özüne ynamy uly. Her hili kynçylyklary ýeňip geçmegi başarýarlar. Ejizlik bu reňki halaýanlara ýatdyr. Gök reňki halaýanlar gezelenç etmegi başarýarlar. Bular myhmansöýerligi we dostlukly gatnaşyklary saklaýandyklary bilen bellidir. “Özüňi süýt bil, dostuňy — gaýmak” nakyly gök reňki halaýanlar üçin döredilen ýalydyr . Gülgüne reňki halaýanlar näzik göwünlidirler. Olar sähel zada ynjaýarlar. “Gülgüne reňki halaýan” diýýän adama gaty-gaýrym söz aýtmakdan ýa-da gödek degişmekden saklanyň!  Ak reňki halaýanlar gönümel bolýarlar. Gep-gybaty ýigrenýärler. Olar dogruçyl bolýarlar. Şeýle hem bu reňki halaýanlara içki syryňy ynanmak bolar, çünki, olar syr saklamagy başarýarlar. Toplan Hojageldi ATAÝEW.  

8
8 14.05.2026
Çagalara giň düşünje berilýär

Baýramaly şäherindäki 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Ogulmaral Orazdurdyýewa çagalara bilim hem terbiýe bermekde janaýaman zähmet çekýär. Ol çagalara tebigaty goramagyň düzgünlerini jikme-jik düşündirýär. Şeýle-de, terbiýeçi tebigaty aýawly saklamalydygyny, ýylyň islendik paslynda ýetişýän gök-bakja önümleriniň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny yzygiderli ündeýär. SURATDA: Ogulmaral Orazdurdyýewa çagalar bilen.  

9
9 14.05.2026
Mugallym — beýik  käriň  eýesi

Ynsan ömründe şeýle bir yz galdyrýan adamlar bar, olaryň ady tutulanda kalbymyzda mähir, aňymyzda bolsa minnetdarlyk duýgusy oýanýar. Bu mukaddes adyň eýesi mugallymdyr. Mugallym — akyl-paýhas açarynyň eýesi, okuwçylaryň terbiýe mekdebidir. Ol okuwçy, çaga üçin ikinji ene-ata hasaplanylýan ynsan. Bu mähriban ynsanyň çaga berýän mähri, yhlasy, söýgüsi, bilimi, terbiýesi iň uly baýlykdyr.  Şeýle ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän mugallymlaryň biri-de, Mary şäherindäki 13-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Maýa Ataýewadyr. Maýa mugallym 40 ýyl bäri mugallymçylyk kärinde zähmet çekmek bilen, okuwçylara taryh dersi boýunça bilim berýär. Asyllylygy, mylaýymlygy, sabyrlylygy, bilimliligi bilen kärdeşleriniň hem-de ene-atalaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýan mugallym okuwçylara taryh dersini öwretmekde yhlasyny gaýgyrman işleýär. Mugallymyň çekýän çäksiz zähmetiniň ýokarydygyny bolsa, onuň okuwçylarynyň gazanýan üstünliginden görmek bolýar. Maýa mugallym taryh dersini okatmak bilen bir hatarda mekdebiň häzirki 12-nji “A” synpyna ýolbaşçylyk edýär. Ol okuwçylaryň diňe bir bilimli däl, eýsem, terbiýeli, ata Watanymyza wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmeginde janaýaman zähmet çekýär.  Sözümizi orta mekdebiň uçurymy Mähriban Hojanyýazowanyň mähriban mugallymy Maýa Ataýewa bagyşlap ýazan alkyşly goşgy setirleri bilen jemläp, halypa mugallyma bu ajaýyp durmuşda has bagtyýar günleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Ýyllarboýy bilim alanym üçin, Mähriban mugallym, Size minnetdar! Durmuş sary ýola salanyň üçin, Mähriban mugallym, Size minnetdar! Biz — uçurym, uçýas bu gün guş bolup, Alkyş aýdýas bütin deňi-duş bolup, Ýatlarys biz Sizi baky hoş bolup, Mähriban mugallym, Size minnetdar! Sülgün ŞADYÝEWA.  

20
20 14.05.2026
Çeper  sözüň  ussady

Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň her bir güni täze taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylýar. 2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda-da Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň atlaryny ebedileşdirmek, olaryň bitiren işlerini çuňňur öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýle beýik şahsyýetlerimiziň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Ady dünýä dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymguly Pyragy şygryýet äleminiň merjenidir. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanylýan nusgawy şahyrymyzyň eserleri ynsanyň ýüreginiň töründe orun alýar. Sebäbi, şahyryň eserleriniň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginden gözbaş alýar. Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerinde pederlerimiziň pähim-paýhasa siňen nakyllarynyň, atalar sözüniň tutýan orny uludyr.  Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik häsiýetlerini kesgitleýär. Şygyrlarda mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, tebigata we janly-jandarlara söýgi, rehim-şepagat, ula-kiçä hormat goýmak, wepadarlyk, salyhatlylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler beýan edilýär. Şahyryň döredijiligi Watana, halka wepaly, arassa ahlakly, belent ruhly, ynsanperwer ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Beýik akyldaryň ölmez-ýitmez şygyrlaryndaky pelsepewi pikirler, öwüt-nesihatlar ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, Berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine, gözelligine şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Onuň döredijiligi, hakykatdan-da bir umman. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni — bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi.  Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döreden ajaýyp şygry türkmen halkymyza ýapylan serpaý boldy.  Nusgawy şahyrlarymyzy sarpalaýan, olara hormat goýýan, biz — ýaşlara işlemäge, döretmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli                            Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.  Aýjahan ANNAORAZOWA.

24
24 14.05.2026
Şanly  sene

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýeňişlere besleýän türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da bagtyýar ertirine barýar. Ajap eýýamymyzda toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz uly toýuna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň buýsançly aýratynlygy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynda jemlenýänligindedir. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, ähli ugurlardaky ösüşlerimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.   Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni gadymy türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Bilşimiz ýaly, Konstitusiýamyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny bolmak bilen, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň binýady bolup durýar. Onda döwletiň gurluşynyň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.   Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagymyzyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlaryň biridigi bellenen. Döwlet baýdagymyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Merdana ata-babalarymyz şan-şöhrata beslenen gahrymançylykly asyrlary  aşyp, bu gün türkmen ili abraý-mertebesi dünýä dolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletine guwanýar we buýsanýar.  Güljeren MYRADOWA.

21
21 14.05.2026
Goşa  mukaddeslige buýsanýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň bilelikde bellenilmegi çuň mana eýedir. Halkymyz bu iki mukaddeslige uly sarpa goýýar. Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Türkmen halky parahatçylygy we abadançylygy hemişe arzuw edip gelipdir. Bu arzuwlar biziň Döwlet baýdagymyzda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, halkymyzyň ruhy-ahlak däplerine, watansöýüjilik ýörelgelerine, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetine pugta eýerilýändigini subut edýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ähli şäherlerimizde we obalarymyzda buýsançly parlaýar.  Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygynyň aýratyn nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan özgerişleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermäge, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýändigi örän buýsandyryjydyr. Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär. Döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilip geçilýän toý baýramlar bolsa, şol ajaýyp üstünliklere, belent sepgitlere çuň many öwüşginini çaýýar.   Halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýar.   Myrat ATAÝEW. 

12
12 14.05.2026
Ülkämizi dünýä ýaýan Baýdagym

 Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary Mary welaýatynda hem giň gerim alýar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň ýygnaklar zalynda aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, bilim ulgamynda zähmet çekýän  işjeň agzalary gatnaşdylar. “Ülkämizi dünýä ýaýan Baýdagym” ady bilen geçirilen bu aýdym-sazly dabaraly maslahatda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Baýramçylyk aýdym-sazly dabaraly maslahatyna gatnaşanlar il-ýurt bähbitli ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Maýa Annameredowa

12
12 14.05.2026
Bagtyýar zamanamyzda belentde parlaýar Berkarar döwletimiziň tugy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly maslahatlar, wagyz-nesihat duşuşyklary Mary welaýatynda hem giň gerim alýar. Mary myhmanhanasynyň  mejlisler  zalynda Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň guramaklarynda dabaraly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat Halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, kümüş saçly mährem eneler, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. “Bagtyýar zamanamyzda belentde parlaýar Berkarar döwletimiziň tugy” ady bilen geçirilen bu maslahatda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Baýramçylyk maslahatyna gatnaşanlar il-ýurt bähbitli ägirt uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Dursun Ilbegiýewa.

10
10 09.05.2026
Baky ot ýadygärligine gül desseleri goýuldy

      ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly, at-myradyň mekany” ýylynda Watanymyzda uludan toýlanan Beýik Ýeňişiň 81 ýyllygyna bagyşlanan çäreler Mary welaýatynda-da uly dabaralara beslenilip geçirildi. Dabaralaryň başy welaýat merkezinde ýerleşýän ,,Baky ot” ýadygärligine gül goýmak dabarasyndan başlandy. Hormatly Prezidentimiziň Ýeňiş güni mynasybetli bütin halkymyza, ýurdumyzyň uruş weteranlaryna iberen baýramçylyk gutlagyndan ruhlanan elleri gül desseli welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary ir säher bilen geçirilen bu toý dabarasyna ýokary ruhubelentlik bilen goşuldylar. Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Zenanlar bölüminiň, Demokratik we Agrar partiýalarynyň welaýat komitetleriniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda Ýeňiş güni mynasybetli geçirilen gül goýmak çäresi ýokary ruhubelentlige beslenip, ol uruş weteranlaryna goýulýan belent hormat – sarpanyň aýdyň alamatyna öwrüldi. Welaýatyň ýaşuly nesilleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, harby gullukçylar, mährem eneler, edara – kärhanalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary “Baky ot” ýadygärligine ter gülli sebetleri we gül desselerini goýup, ata – babalarymyzyň görkezen gahrymançylygynyň öňünde baş egip, tagzym etdiler. Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda wepat bolan ildeşlerimiziň ýagty ýadygärligini hatyraladylar. Baýramçylyk dabarasynda uruş weteranlaryna, urşa gatnaşyjylaryň ýan – ýoldaşlaryna, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken adamlara Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglar aýdylyp, olara hormat – sarpa goýuldy. Adamzadyň başyna agyr külpetleri getiren Beýik Watançylyk urşunda gerçek ýigitlerimiziň müňlerçesi Watanyň azatlygy, asudalygy, geljek nesilleriň bagtyýarlygy ugrundaky aldym – berdimli söweşlerde gaýduwsyzlygyň, merdi – merdanalygyň belent nusgasyny görkezip, gahrymanlarça wepat boldular. Watan üçin, il – günüň ar – namysy üçin janlaryny gurban eden gerçekleriň görkezen gahrymançylyklary ölmez – ýitmezdir. Bu günki baharyň asuda, hoştap howaly säherinde welaýatyň dürli ýaşdaky, dürli kärdäki bagtyýar raýatlarynyň müňlerçesiniň şu mukaddeslik meýdançasyna gelip, ter gül desselerini goýmaklaram, olaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylygyň we watansöýüjiligiň belent nusgasy görkezip Watan üçin başyny orta goýan gerçekleriň ýagty ýadygärligini hatyralap, olara belent hormat goýýandyklaryny bütinligi bilen äşgär etdi. Gerçek ýigitlerimiziň geçen uruşda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleri üçin merdanalyk we nusgalyk mekdepdir. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli geçirilen gül goýmak dabarasy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň uruş weteranlaryna goýýan belent hormat sarpalarynyň hem-de halkymyzyň asuda we parahat durmuşyny üpjün etmekde alyp barýan dünýä nusgalyk işleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şu pursatlarda bagtyýar raýatlaryň her biriniň kalby Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen gün – günden ösüşleriň täze belentliklerine çykýan asuda, erkana, parahat, döwletimize bolan begenç hem buýsanç duýgusyna beslendi. Soňra bu günki baýramçylyk dabarasyna gatnaşan adamlar welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň hem-de Baş baýdak meýdançasynyň öňünde welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň, estrada aýdymçylarynyň, çagalar we ýetginjekler döredijilik merkeziniň zehinli çagalarynyň, birleşen tans toparlarynyň baýramçylyk mynasybetli ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna-da tomaşa etdiler. Medeni çäräniň dowamynda ussatlyk bilen ýerine ýetirlen we uruş döwrüniň wakalaryny beýan edýän edebi -  sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandy. Belent heňlerde ýaňlanan aýdymdyr sazlarda merdana uruş weteranlarynyň görkezen edermenlikleri we häzirki eşretli zamanamyzda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan rowaç işleri hem-de erkana Watanymyzyň waspy giňden ýetirildi. Beýik Ýeňişiň 81 ýyllygynyň şanyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy Baýramaly şäheriniň medeniýet öýünde hem geçirilip, ol egsilmejek şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde Baýramaly şäher medeniýet merkeziniň sungat ussatlarynyň medeni çykyşlary giňden ýaýbaňlandy. Şol çykyşlarda-da Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň, ýurdumyzyň ösüşleriniň, asuda asmanymyzyň, edermen gerçeklerimiziň we ýeňiş baýramynyň waspy edildi. Tans toparlarynyň ýerine ýetiren göçgünli tanslaram dabara gatnaşanlara egsilmez ruhy lezzet paýlady. Bu günki baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar Watan asudalygyny, il abadançylygy, dünýäde parahat durmuşy üpjün etmek ugrunda beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.  Merjen Çaryýarowa.

9
9 09.05.2026
Ýeňiş-sözi ýürekleriň joşguny

      Ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlanýan Ýeňiş baýramy mynasybetli Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda, Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi,Mary Garnizony, TDSG-nyň Mary şäherinde ýerleşýän harby bölümleriniň gurnamagynda “Ýeňiş-sözi ýürekleriň joşguny” atly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.  Bu ýerde edilen çykyşlarda bagtyýarlyk döwrümizde.1941-1945-nji ýyllardaky Watançylyk urşuna gatnaşyp, janyny orta goýup söweşen,  gaýduwsyzlygyň we mertligiň beýik nusgasyny görkezen, uruş weteranlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle hem bütin türkmen halkymyzy Ýeňiş güni mynasybetli gutladylar.  Beýik ýeňişi tarypyny ýetirip Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar. Maýa Annameredowa.

9
9 09.05.2026
Sarpasy belent gerçekler

    2026-njy ýyly “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanyp  “Sarpasy belent gerçekler” atly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu medeni çärä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň agzalary, medeniýet işgärleri, we talyp ýaşlar gatnaşdylar. 1941-1945-nji ýyllardaky Watançylyk urşuna gatnaşyp, janyny orta goýup söweşen,  gaýduwsyzlygyň we mertligiň beýik nusgasyny görkezen, uruş weteranlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle hem bütin türkmen halkymyzy Ýeňiş güni mynasybetli gutladylar.  Bu sergide Beýik ýeňişi tarypyny ýetirip Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar. Suwhan Kulyýew.

12
12 09.05.2026
Asuda asman, parahat ýurt bagtyýarlygyň girewi

             “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda “Asuda asman, parahat ýurt bagtyýarlygyň girewi” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata ýaşuly nesliň wekilleri, etrabyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän bagtyýar raýatlary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň başynda çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllardaky Watançylyk urşuna gatnaşyp, janyny orta goýup söweşen,  gaýduwsyzlygyň we mertligiň beýik nusgasyny görkezen, uruş weteranlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle hem bütin türkmen halkymyzy Ýeňiş güni mynasybetli gutladylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gahryman gerçeklerimize goýýan belent hormat-sarpasy hem-de Beýik Watançylyk urşundaky Gahrymanlarynyň edermenlik ýolunyň ýaş nesli Watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. ,,Türkmen halky Watany goran milli gahrymanlaryny hiç wagt unutmaz. Çünki olar algyr söweşlerde janyny orta goýup, mertlerçe söweşdiler ” diýip bu ýerdäki çykyşlarda  buýsanç bilen bellenildi. Şeýle hem maslahatda Watan mukaddesligi, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan rowaç işleri dogrusynda hem giňişleýin gürrüň edildi. Maslahatyň dowamynda welaýatyň medeniýet ussatlary özleriniň asuda watanymyzy, öz halkyny bagtyýar zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaç işlerini, wasp edip ýerine ýetiren aýdymdyr sazlary, bu ýere ýygnanlaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.   Göwher Ataýewa

64
64 29.04.2026
Täsirli boldy

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanylyp maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan guramalaryň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Toýly Garýagdyýew, TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Täzegül Pirsýanowa çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň saýasynda halkymyzyň saglygy ugrunda ençeme işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy hakynda täsirli gürrüň edildi.  Öwezmyrat KAKABAÝEW.  

1574
1574 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1359
1359 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1607
1607 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1549
1549 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1495
1495 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1725
1725 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1287
1287 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1557
1557 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.