Mary welaýat kitaphanasynda ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň many-mazmunyny, ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, “şanly ýylyň şygry-ýürekleriň kelamy” atly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatynyň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de medeniýet, bilim, saglyk ulgamlarynyň işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Mary welaýat häkimliginiň, Demokratik we Agrar partiýalaryň welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen bu maslahatda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalary dogrusynda buýsançly gürrüňler edildi. Bu ýerde çykyş edenler ýylyň şanly şygarynyň ähmiýeti, halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda hem türkmen atlarynyň uly orny eýeländigi, onyň bütin dünýäde şan-şöhraty, meşhurlygy we häzirki günimizde-de bu milli gymmatlygymyza uly sarpa goýulýandygy dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Şele hem maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk, baýramyna görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda-da aýratyn durup geçdiler. Maslahata gatnaşanlar parahat ýurdumyzda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Altynaý Seýitnyýazowa.








