Hemmämize mälim bolşy ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratynyň barha artýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüldi. Geçen ýyl bolsa, bu topar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolupdy.
Halkymyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň owazasyny älem-jahana ýaýýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredilenden bäri dünýä ýüzünde türkmen baýdagyny belentde parladyp, ýurdumyzyň halkara abraýyna abraý goşup gelýär. Şeýle buýsançly ýeňişler Milli Liderimiz tarapyndan binýady berkden tutulan işleriň bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam edýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Mundan öň hem bu topar birnäçe gezek ýaşyl Tugumyzy dünýäniň dürli künjeklerinde belentde parladypdy. Ol 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara mynasyp boldy. Şeýle hem bu toparyň 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda “Altyn Gaetano” altyn heýkeljigine mynasyp bolmagy ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göteren wakalaryň biri boldy.
13-nji fewralda geçirilen Ministler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň maksatnamasyny tassyklap, onda bellenilen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak barada tabşyryklary berdi.
Şol çäreleriň çäginde ýurdumyzyň welaýatlarynda hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesinde gazanan ýeňişlerine bagyşlanan dabaralar dabaralara ulaşyp, toý dabarasy häzirki günlerde gadymy Mary topragynda dowam edýär.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








