Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ýokary netijeler gazanylýar. Garaşsyz döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda badalga berlen özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň öňe süren ykdysady syýasatynyň rowaç alýandygyny subut etdi. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde giň möçberli işler amala aşyrylýar. Türkmen telekeçiligi kuwwatly öndüriji güýç hökmünde jemgyýetimizde uly orna eýe boldy.
Täze ykdysady gatnaşyklaryň kämilleşdirilmegi bilen, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň salgyt kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmakda netijeli işler amal edildi. Önüm öndürijiler üçin ýeňillikli salgyt kanunçylygynyň hereket etmegi ykdysadyýetimiziň çalt depginlerde ösdürilmegine itergi berdi. Mälim bolşy ýaly, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalar, guramalar, hususyýetçiler tarapyndan salgytlaryň we beýleki hökmany tölegleriň öz wagtynda hem-de dogry tölenmegi derwaýys wezipe bolup durýar. Bölümimiziň hünärmenleri “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi Kanunyndan ugur alýarlar. Etrabymyzdaky edara-kärhanalar, guramalar we hususyýetçiler tarapyndan hereket edýän kanunçylykda bellenen salgytlaryň gyşarnyksyz tölenmegini üpjün edýärler.
Polat ŞÜKÜROW.








