Mary welaýat Saglygy goraýyş we Dermanhana müdirlikleriniň, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň hem-de Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirilip, ol ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly boldy. Bu ýerde çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler we onda il-halk, döwlet bähbitli çözgütleriň kabul ediljekligi dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Esasan hem bu syýasy jemgyýetçilik çäresinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly saglygy goraýyş ulgamynda hem gazanylan üstünlikler we ulgamy ösdürmekde öňde durýan wezipelere hem garaljaklygy barada-da maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda, olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda uly işleri durmuşa ornaşdyrýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Merjen Çaryýarowa.








