Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasaty ýurdumyzda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýörelgesiniň rowaçlanmagyna ýol açýar. Halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň bähbitli netijesine uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen Garaşsyz döwletimizde ilaty sporta köpçülikleýin çekmekde uly tagallalar edilýär. Şeýle tagallalar özüniň oňyn netijesinem berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň gadamynyň batlanýandygyna türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerem şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen döwrebap stadionlarda, sport mekdeplerinde we sport desgalarynda döredilen giň mümkinçilikler türgenlerimiziň ýeňişli menzillerine oňyn täsirini ýetirýär. Garaşsyz döwletimiziň sporty ösdürmäge gönükdirilen halkara ähmiýetli başlangyçlaram bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar.
Aýratynam, halkara sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanýan türgenlerimiziň üstünliklerine ýokary baha berilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň başa-baş söweş sungaty sport toplumynda dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere we tälimçilere gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy türkmen türgenlerini täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Azat ARSLANOW.








