“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda köçelerde we ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda gözegçilik güýçlendirilip, wagyz-nesihat işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle guramaçylykly wagyz-nesihat çäresi Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullugynyň, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň we Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň bilelikde gurnamaklarynda jemgyýetçilik ýerlerinde ýol hereketiniň hadysalaryny dogry berjaý etmek we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça “Sagdyn terbiýe – sagdyn durmuş” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi Bu wagyz-nesihat duşuşygyna Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgärleri, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler raýatlaryň köçelerde, ýollarda awtoulaglar we pyýadalar bilen hereketiň sazlaşygy, şeýle hem ýangyn bilen baglanşykly ýüze çykýan we dürli tebigy hadysalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli zerur çäreler dogrusynda bellediler. Bu wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşanlar ýaşlaryň sagdyn ösüp kemala gelmekleri ugrunda aladalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyşly sözlerini aýtdylar.
Dursun Ilbegiýewa.








