Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda saglyk ulgamynda uly ösüşlere eýe bolunýar. Garaşsyz döwletimiziň bu ulgamynda alnyp barylýan beýik işler barha rowaç alyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ynsan saglygyny goramakda, dikeltmekde, sagdyn nesli kemala getirmekde lukmanlaryň yhlasly işläp, gije-gündiz halka hyzmat etmegi üçin ýokary lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen hassahanalardyr saglyk öýleri gurlup, ulanylmaga berilýär.
Ynsan saglygyny goramak, aýratyn-da, çagalaryň sagdyn bolup kemala gelmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Has takygy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna ýylyň-ýylyna näsag çagalara dürli operasiýalar edilýär. Esasan-da, doga ýürek kemisli çagalarda kardio-hirurgiýa operasiýalary yzygiderli geçirilýär. Olaryň saglygy lukmanyň gözegçiliginde dikeldilýär. Üstümizdäki — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 16 çaga gaznanyň hasabyna operasiýa edildi. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň saglygy ugrunda uly alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bagtyýar zamanamyzda ynsan saglygyny goramak bilen bir hatarda ak ýektaýly lukmanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Has takygy, täze, döwrebap lukmançylyk enjamlary yzygiderli satyn alynýar. Şu ýyl biziň welaýat çagalar hassahanamyzyň barlaghana bölüminde daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän ýokary hilli lukmançylyk enjamlary oturdyldy. Şeýle döredilýän giň mümkinçilikler üçin biz — lukmanlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Musaguly ÇARYÝEW.








