Mary welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Gyzyl ýarym aý Milli Jemgyýetiniň şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat bölümleriniň bilelikde gurnamaklarynda “Aýal-gyzlaryň arasynda Sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we inçekeseliň öňüni almaklyk babatynda habarlylygyny ýokarlandyrmak” boýunça wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi. Mary şäherindäki Iç keselleri hassahanasynyň mejlisler jaýynda geçirilen bu duşuşyga Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň işjeň agzalary, welaýatyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar. Ilatyň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu maslahatda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, ýokanç keselleriň öňüni almakda alnyp barylýan işler, milli däp-dessurlarymyz, we arassaçylygyň kada-kanunlary, ýaş nesilleri köpçülikleýin sporta çekmek we olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenler türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan gylyk-häsiýetler, edep-ekramlylyk, zenan wepadarlygy, ahlak gözelligi barada nygtadylar. Mundan başgada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen zenanlaryna goýýan sarpasy we ýaş nesilleriniň ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri barada edýän bimöçber aladalary dogrusynda hem gyzykly gürrüňler berdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan, zenan mertebesini beýgeldýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Göwher Ataýewa.








