Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler giň gerime eýe bolýar. Golaýda Murgap etrap salgyt bölüminde şu möhüm meselä bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygy etrap prokuraturasy etrap salgyt bölümi bilen bilelikde gurap, oňa ýokarda atlary agzalan edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.
Duşuşykda etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist Tagandurdy Tagandurdyýew, etrap salgyt bölüminiň başlygy Arslan Gurbanow, şu bölümiň işgäri Maýa Akmyradowa çykyş etdiler. Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda neşekeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreş babatda alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň her bir maşgala, her birimiz üçin rysgal-döwletliligiň, agzybirligiň, eşretli durmuşyň kepilidigi barada durup geçdiler.
Arslan KADYROW.








