Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuşyň hemmeler üçin esasy ýörelge bolmagyna gönükdirilen degerli işler giň gerime eýe bolýar. Bu bolsa maşgalalaryň agzybirligine, mäkämligine, ahyrky netijede-de jemgyýetimiziň jebisligine oňyn täsirini ýetirýär. Ýakynda welaýat prokuraturasy Mary şäherindäki jemagat hojalygy orta okuw mekdebinde şu okuw mekdebi bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Bu çäre sagdyn durmuşy we ahlak arassalygyny wagyz-nesihat etmeklige bagyşlanyp, oňa prokuratura edaralarynyň işgärleri we okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşykda welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist Maýsa Kurbanowa, orta okuw mekdebiniň direktory Maksat Çerkezow, şu mekdebiň mugallymy Gülnur Muhammedowa çykyş etdiler. Olar sagdyn durmuşyň agzybirligiň, bagtyýarlygyň, rysgal-döwletliligiň ýörelgesidigini nygtap, ahlak arassalygynyň abraý-mertebäniň kepilidigi barada täsirli gürrüň etdiler. Şu wajyp meseleler babatda alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler dogrusynda durup geçdiler.
Yhlas ÇOGDUROW.








