Gazet-žurnallardan halypalar hakynda ýatlamalary okanymda, bir waka göz öňümde dikelýär. Marynyň mugallymlary kämilleşdiriş institutyna bir hepdelik okuwa baranymyzda, halypa mugallymlar Muhammet Kadyr, Ata Akbäbe dagy meşhur mirasgär Ümür Esen bilen duşuşyk guradylar. Ümür aganyň bir barmagyny ýokary çommaldyp, gözlerini ýumup aýdyp beren rowaýatlarydyr aýtgylary bizde uly täsir galdyrdy. Onuň şu ajaýyp jümlesi bolsa ýüreklerimizde ýer aldy:
— Halaýyk size ýelden ýelpäp, Günden goran, gözüniň agyna, ýüreginiň ýagyna deňeýän balalaryny ynanýar. Şol arzymanlara ylym-bilim, edep-ekram, tertip-terbiýe berýänlere sogap depderiňizi galňatjak, bir goçak «sag bolsun», köpüsi öz öýünden başga ýeri görmedik, eli güllüje, “R” harpsyz dillije, towar saçlyja, gädik dişlije körpejeleň elinden tutup, mekdep durmuşynda «ýörjen-ýörjen» etmegi öwredýän başlangyç synp mugallymlaryna iki mertebe «sag bolsun», gat-gat hat-pet işi (depder barlagy, sapak ýazgysy) ýetik bolsa-da, goşgudyr hekaýaty, aýtgydyr rowaýaty toplap-toplap, metbugata makalasyny ýollaýan mugallymlara üç mertebe «sag bolsun» diýdi.
...Birdenem Ümür aga ýeňillik bilen zenan mugallymlara tarap öwrüldi-de: «Öňem bir çopana «Aýalymy garradan öýüň uşak işi eken» diýdiren hojalygyň hysyrdyly işinden daşary, «iliň çagasyny» ogşap-sypap, “haý-küşsüz» göni ýola gözükdirýän zenan mugallymlara bolsa müň mertebe «sag bolsun» diýip baş egipdi...
...Her sapar mekdebe baryp, kärdeşlerime, okuwçylaryma nazarym kaklyşanda, halypanyň sol «sag bolsunlary» ýadyma düşüp, kalbymy bir ýakymly, mylaýym duýgy gurşap alyp, yhlas bilen işime başlaýaryn.
Ogulnur ŞAMYRADOWA.








