Iki ýolagçy — atasy bilen agtygy gür tokaýyň içi bilen barýar ekeni. Howa jokrama yssy bolansoň, ýolagçylar suwsapdyrlar.
Ahyry olar çeşmejige ýetýärler. Buz ýaly suw şildiräp akyp ýatyrmyş. Atasy we agtygy çeşmä inip, suwdan ganypdyrlar.
Atasy:
— Sag bol, çeşmejik! — diýipdir.
Bu sözi aýdyp, goja sumkasyndan çemçe alypdyr-da çeşmäniň düýbünden birnäçe ýanawuç laý çykarypdyr.
Agtygy ýylgyrypdyr.
— Sen näme üçin ýylgyrýarsyň? — diýip, atasy sorapdyr.
— Ata siz näme üçin çeşmejige “Sag bol!” diýdiňiz? Ol janly zat däl ahyryn, siziň aýdanlaryňyzy eşitmez, siziň minnetdarlygyňyzy bilmez...
Atasy pikire batypdyr. Çeşmejik bolsa şol şildiräp akyp ýatyrmyş. Uzaga çeken dymyşlykdan soňra atasy şeýle diýipdir:
— Ol şeýle. Çeşmejik hiç zat eşitmez. Eger möjek suw içen bolsady, onda ol minnetdarlyk bildirmänem bilerdi. Biz möjek däl-de, adam ahyryn, şuny ýadyňdan çykarmagyn, agtyjagym! Adamyň näme üçin sag bol aýdýanyny bilýärmiň? Bu sözüň kimi belende göterýänini bilýärmiň?
Agtygy oýlanýar. Ol ozal bu barada hiç wagt pikirlenmändir.
— Bu söz adamy belende göterýär — diýip, atasy aýdypdyr. — Biz möjek bolmazlyk üçin sag bol aýdýarys.
Taýýarlan
Ýazgeldi BABAÝEW.








