Halkara zenanlar güni mynasybetli Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň mährem enelerine, bagtyýar gelin-gyzlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak baradaky Buýrugyna laýyklykda Mary welaýatynyň ähli edara - kärhanalarynda, okuw jaýlarynda, mekdeplerinde we çagalar baglarynda hem pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Ýurdumyzda uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän zenanlaryň baýramçylygynyň öňýanyndaky günlerinde Hormatly Prezidentimiziň 8-nji mart Halkara Zenanlar güni mynasybetli iberen pul sowgatlaryny ellerine alyp, begenç bilen ýüzlerine sylýan edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan buýsançlary çäksizdir. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Şa sowgadyny ellerine alan işewür zenanlar Hormatly Prezidentimize özleriniň çuň ýüreklerinden çykýan alkyşly sözlerini beýan edýärler.
Merjen Çaryýarowa.








