“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdymyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzyň miras galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny” atly meýdan şertlerindäki okuw maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen taryhy ýadygärliklerimizi aýawly gorap saklamak, olary dünýä derejesinde wagyz etmek, şeýle-de rejelemek, dikeltmek, abatlamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna goşan edebi-medeni mirasy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen bütin äleme ýaýylýar, türkmen topragynyň baý taryhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýadygärlikler tutuş dünýä ýüzünde şöhratlanýar. Ata-babalarymyzdan miras galan mukaddeslikler üstünden näçe asyrlar geçse-de, öz gözelliklerini saklap, şu günlerimize gelip ýetipdir. Bu taryhy ýadygärlikler we olar baradaky gyzykly maglumatlar dünýä taryhçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän “Gadymy Merw” taryhy-medeni döwlet goraghanasyndaky ýadygärlikler hem dünýäniň köp sanly alymlarynda, syýahatçylarynda aýratyn gyzyklanma döredýär. Goraghananyň çägindäki ýadygärlikler içgin öwrenilýär hem-de rejelenýär.
Suwhan Kulyýew.








